HABARLAR

Ulag pudagynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 103,3 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,3 göterime barabar boldy. Geçen on aýda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 154,5 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 114,6 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Germaniýadan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, polipropileni hem-de buýan kökünden taýýarlanan çaýlary satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 257 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).    ahabat ir wagtlardan bäri, halky ýönekeý habarly etmekden başlap, sarp edijini ynandyrmak sungatyna çenli özüniň ösüş ýoluny geçip, adamlaryň özüni alyp barşyna belli bir derejede täsirini ýetirýän gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hut şu sebäpli-de, psihologiýa, sosiologiýa, ykdysadyýet we beýleki ylymlar tarapyndan mahabatyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna ýetirýän täsiri öwrenilýär.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Häzirki zaman şertlerinde halkyň sarp edýän harytlarynyň marketinginde sarp edijilik islegini kanagatlandyrmak derejesini hemişe öwrenmek zerur bolup durýar. Ony harytlara bolan teklibiň, islegiň ýagdaýyň üýtgemegine laýyklykda döretmeli. Senagat we söwda guramalarynyň özara baglanyşygyny öwrenmeli, talaba, döwre görä üýtgetmeli, bazaryň ýagdaýyny yzygiderli öwrenmegiň ähmiýetini ýokarlandyrmaly, önümçiligiň derejesini we öndürilen önümleri ýerlemegiň görnüşlerini güýçlendirmeli.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda esasy çemeleşmeler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Halkara ulgamlara utgaşmak we hyzmatdaşlygyny giňeltmek:

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Norwegiýa Korollygy

Norwegiýa Korollygy Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolup, dünýäde adam ösüşiniň indeksi boýunça öňdäki orny eýeleýän döwlet hökmünde tanalýar. 2024-nji ýyl boýunça adam ösüşiniň indeksinde bu ýurt dünýäde birinji orny eýeleýär. Häzirki wagtda Norwegiýanyň Hökümeti resurslary netijeli we tygşytly ulanmak maksady bilen, sirkulýar ykdysadyýete geçmeklige we ony ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle ähmiýetli işleri durmuşa geçirmek üçin ýurtda «ýaşyl» sirkulýar ykdysadyýetiň Milli strategiýasy kabul edilýär. Milli strategiýanyň gurluşy şu aşakdakylardan ybarat:

Maýanyň hasabyna galkynýan ykdysadyýet

Syýahatçylyk pudagy, ajaýyp aşhanasy, hytaý, hindi, Ýewropa däpleriniň täsirinde ornaşan medeniýeti bilen tanalýan Malaýziýa häzirki wagtda ösen ykdysadyýetli ýurt hökmünde hem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ummanyň içinde ýerleşýän ýurt soňky ýyllarda hyzmatlar pudagynyň, içerki sarp edijileriň hem-de ýerli telekeçileriň hasabyna güýçli ösüşi başdan geçirýär. Muňa 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde hasaba alnan 5,9 göterimlik ykdysady ösüş hem (2024-nji ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 4,2 göterime deň boldy) şaýatlyk edýär. Malaýziýanyň Merkezi bankynyň hünärmenleri ýokary depginli ösüşi daşary ýurt maýa goýumlarynyň köpelmegi, içerki islegiň we eksportyň geriminiň giňemegi bilen düşündirýärler. Ýurduň ykdysadyýeti soňky 4 ýylda ortaça 4,5 göterim (ýyllyk) ösüp, bu babatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 15-nji orunda durýar. Şol bir wagtda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň hakyky (real) ýyllyk ösüşi 4,8; hümmetsizlenme 2,8; işsizlik derejesi bolsa 3,5 göterime deňdir. Ýurduň Merkezi bankynyň hasabatyna laýyklykda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 1,043 trillion amerikan dollaryna, adam başyna düşýän jemi içerki önüminiň 12 253 amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Uza

Balyk we deňiz önümleriniň girdejisi şu ýyl 676 milliard amerikan dollaryndan geçer

«Statista»* kompaniýasynyň çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda dünýäde balyk we deňiz önümleriniň önümçiliginiň girdejisi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8,4 göterim ýokarlanyp, 676,2 milliard amerikan dollary töweregi bolar. Analitikleriň seljermesine laýyklykda, golaýdaky 5 ýylyň dowamynda balyk we deňiz önümleri bazarynyň ýyllyk ösüşi ortaça 6,54 göterimden ybarat bolar. Bu bazaryň girdejisiniň agramly bölegi Hytaýa degişli bolar (2024-nji ýylda 97 milliard amerikan dollary). Bu görkezijini ilat sanyna böleniňde adam başyna 87,3 amerikan dollaryndan düşýär. Hytaýdan soňra Hindistan, Ýaponiýa, ABŞ we Indoneziýa barýar. 2024-nji ýylda balyk we deňiz önümleriniň satuwy dünýä boýunça adam başyna 4,9 kilogramdan düşer diýlip çak edilýär. 2028-nji ýylda bolsa balyk we deňiz önümleriniň tebigy agramy 42,8 million tonna barar.

Altyn dünýä gaznalarynda barha köpelýär

Oktýabr aýynda dünýäniň iri maýa goýum gaznalarynda gymmaty 4,3 milliard amerikan dollaryna deň 43,3 tonna altyn köpeldi. Bu barada Bütindünýä Altyn Geňeşi habar berýär. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda dünýäniň iri maýa goýum gaznalarynda 285,7 milliard amerikan dollary möçberinde altyn bardyr.

Baffet «Appledäki» paýnamasyny satmagyny dowam edýär

«Berkshire Hathaway» «Apple» kompaniýasyndaky özüne degişli bolan paýnamalaryny satmagyny dowam edýär. Baffetiň kompaniýasy «Appeliň» paýnamalarynyň 13 göterimini birinji çärýekde, 50 göterimini bolsa ikinji çärýekde satypdy. Häzirki wagtda Uorren Baffete «Apple» kompaniýasynyň 300 million paýnamasy degişlidir. Maglumat üçin, «Berkshire Hathaway» kompaniýasynyň pul gory 325 milliard amerikan dollaryna barabardyr.