Dünýä bazarynda iň geçginli harytlaryň biri kofedir. Käbir döwletler her ýyl millionlarça halta kofe eksport edýär. 2024-nji ýylda kofe eksportynda öňdebaryjy ýurtlaryň arasynda birinjiligi Braziliýa, ikinjiligi Wýetnam eýeledi, başdaky üçlügi bolsa Kolumbiýa jemledi.
Maglumat üçin, kofe eksportynda birinjiligi eýelän Braziliýa şu ýylyň dowamynda 66,3 million halta kofe eksport etdi.