Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Germaniýadan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, polipropileni hem-de buýan kökünden taýýarlanan çaýlary satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 257 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.