HABARLAR

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Islege gönükdirilen maksatlara görä, şu aşakdakylar tapawutlandyrylýar:

Marketingiň esaslary

Marketingi dolandyryjy kärhana tarapyndan öndürilýän ähli önümi bada-bat ýerlemek üçin gerek boljak müşderileri agtarýan hünärmen hökmünde öňe çykýar. Marketingi dolandyryjy diňe bir islegi döretmek we giňeltmek bilen meşgullanman, eýsem, ony üýtgetmegiň, käte bolsa gysgaltmagyň meseleleri bilen hem meşgullanýar. Marketingi dolandyrmak wezipesi islegiň derejesine, wagtyna we häsiýetine täsir etmelidir. Bu bolsa öňde durýan maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Sada dilde aýdylanda, marketingi dolandyrmak munuň özi islegi dolandyrmakdyr. Gurama öz harytlary üçin islegiň derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga çalyşmalydyr. Her bir aýratyn alnan islegiň derejesi islenilýänden pes, laýyk, ýokary bolup biler. Bu ýagdaýlaryň ählisi bilen marketingi dolandyryjy iş salyşmaly bolýar. Dolandyryjylar marketingiň ýagdaýyny seljermek, bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan kärhananyň wezipeli adamlarydyr. Muňa ýerlemek gullugynyň işgärleri, mahabat gullugynyň ýolbaşçy işgärleri, ýerlemegi höweslendirmek boýunça hünärmenler, marketingi barlaýjylar, harytlar boýunça dolandyryjylar hem-de nyrh emele getirmegiň meseleleri boýunça işleýän hünärmenler-de degişlidir.

Millionlaryň söýgüsini gazanan

Bir asyrdan gowrak wagt bäri, önümçiligi alnyp barylýan «Pepsi» wagtyň synagyndan geçen içgidir. Günde millionlarça adamyň söýüp içýän bu içgisi Ýeriň ähli yklymyna ýaýrandyr. Bu bolsa «Pepsi» markaly önümleriň dünýä bazaryndaky ornuny doly pugtalandyrandygyny aňladýar. 1893-nji ýylda Kaleb Bradham tarapyndan döredilen «Pepsi» ilkinji gezek ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Nýu Bern şäherindäki dermanhanada satylyp başlanýar. Iýmit siňdiriş maksady bilen döredilen bu içgi ilki diňe dermanhanalarda satylypdyr. «Pepsi-Cola» markasy bilen satylyp başlanan bu önümiň ady 1898-nji ýylda «Pepsi» diýlip üýtgedilýär. Munuň sebäbi bolsa, Ýer ýüzünde meşhur brend bolan «Coco-Cola» markaly önümlere meňzemezlik, oňa dahylly bolan kola tagamyna degişli dispepsiýany aradan aýyrmak bolup durýar. 1898-nji ýylda bu önüm ABŞ-a golaý ýerdäki ýurtlarda satuwa çykarylyp başlanýar.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI: NORWEGIÝA KOROLLYGY

Norwegiýanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin bar bolan resurslara, gurallara we strategiýa esaslanyp, matrisada çözülmeli meseleleriň ileri tutulýan derejesi görkezilýär. Açyk gök reňkler — iň möhüm meseleler bolmadyk, ýöne olar çözülmäge degişlidir, açyk sarymtyl reňkler — aralyk möhüm meseleler hasaplanýar, goýy ýaşyl reňkler — has möhüm meselelerdir. Galyndylary abatlamak, gaýtadan ulanmak we işlemek meýilnamasy ulgamy has sirkulýar etmekde esasy orny eýeleýär. Şunda materiallary we önümleri ulanyşda saklamak hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak hereket edýän sirkulýar ykdysadyýet üçin möhümdir.

Ýeňillikli karzlar bilen ösüşlere tarap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň çäklerinde bank ulgamynda hem yzygiderli maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar, muňa mysal edip, esasan hem banklarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny we bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň artmagyny aýtsa bolar. Raýatlar tarapyndan online görnüşinde bank karzlaryny almak üçin ýüz tutup bilmekleri, şeýle hem ýene-de karz üçin ýörite açylýan bank kartlaryny, zähmet haky kartlaryny, goýum we beýleki görnüşli kartlary online görnüşinde sargyt edip bolmagy hem ýurdumyzda bank ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň hem sanly ulgamdan peýdalanyp online görnüşinde öz hasaplaryndan töleglerini menzilara töläp bilmek mümkünçilikleri hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza, telekeçilere, hem-de ýuridiki taraplara bir näçe görnüşli ýeňillikli karzlaryň berilmegi hem döwletimiz tarapyndan adam hakda alada edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Olardan: 1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.09.2011ý senedäki 11817 belgili «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şert

Dünýä ykdysadyýetinden habarlar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň taýýarlan habarlary Iň uly göwrümli

Bähbitli başlangyçlaryň badalgasy

Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan durnukly we ygtybarly ösüş strategiýasy bolan ýurt hökmünde ykrar edilmek bilen, sebit, dünýä bähbitli başlangyçlaryň nokadyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerinden ugur alnyp, beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, maglumatlary geçirmegiň köpugurly ulgamyny kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlardyr sergilere uly orun degişlidir. Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde öz işine başlan «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahat-da telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlymlar ulgamlarynyň şu günki ýeten sepgitleri, geljegi barada pikir alşylýan meýdança öwrüldi.

Önümlere isleg uly

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligindäki mermer we granit işlenilýän zawod «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýyny guwandyryjy görkezijilere besledi. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu öňdebaryjy kärhanasynyň agzybir we zähmetsöýer işçi-hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 5 million 660 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 102,7 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada 22 müň inedördül metre barabar önüm öndürildi. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bu iri kärhanasynda işlenip taýýarlanylýan mermer we granit daşlaryna bolan islegiň artmagy önümleriň hiliniň ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr. Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki kämil tehnologiýalar köçeleri we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemek üçin dürli bezeg daşlaryny, arhitektura şekillerini we sütün üçin örtgi plitalary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Geçen döwürde bu önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi.

Ýangyç-energetika ulgamynda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär. Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Ekologik şertler, pudagyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmaga, mawy ýangyjyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara we işläp taýýarlamalara daýanýan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, halkara energetika hyzmatdaşlygy, şol sanda arassa energiýa geçmek milli bähbitleri, taraplaryň özara jogapkärligini nazarda tutmak ýörelgeleri esasynda açyklyk syýasatyny amala aşyrýan döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Tagamlaryň dady

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Şol meseleleriň hatarynda döwlet Baştutanymyz dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin döwrebap önümçilikleri ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: — Togsan dürli tagam dursa gaşyňda, Ne lezzet içinde duz hem bolmasa, diýip jaýdar belleýşi ýaly, hakykatdan hem duzsuz tagamyň hiç birisi-de lezzetli bolmaýar. Ilçilikde köpçülik üçin nahar atarylanda aşpeze «Duzuny bir ýetireweri», «Duzy kem bolmasyn» diýip tabşyrylýar. Mal soýlanda eti duzlap goýmak türkmeniň öňden gelýän edähetleriniň biri. Türkmençilikde duza mukaddeslik hökmünde garalýar. Hatda çörek hem köp ýerlerde duz sözi bilen deň ulanylyp gelinýär. Myhmany duz-çörek bilen garşylamak türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biri.