Ulanyş-baha beriş guýusy Çartak gaz käniniň geologik gurluşyny we gaz gorlaryny takyklady

11 Noýabr 2024
196

Çartak gaz käni Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda ýerleşýär. Ol iri gaz käni bolan Malaý bilen birleşip, demirgazyga uzalyp gidýär. Çartak käni bilen bagly gurluş 1967-1968-nji ýyllarda geçirilen seýsmiki barlag işleriň netijesinde ýüze çykarylýar. Bu belentlikde ilkinji gözleg guýusy 1980-nji ýylda oturdylyp, burawlaýyş işleri başlanýar. Çartak käninden ilkinji gaz akymy 5-nji belgili gözleg guýusyndan alynýar.

1987-nji ýylda Çartak meýdanynda burawlanan 16 sany guýynyň netijeleri boýunça gaz gorlary hasaplanýar we şol wagtky SSSR-iň Gorlar döwlet topary tarapyndan tassyklanýar. Meýdanda goşmaça burawlanan 2 sany gözleg-barlag, 3 sany ulanyş guýularyndan alnan maglumatlar boýunça Malaý we Çartak känleriniň gaz gorlary gaýtadan hasaplanýar. Çartak gurluşy aşaky goteriwiň şatlyk gorizontynyň çökündileri boýunça «kesilip-düşme» görnüşli tektoniki bozulma bilen özbaşdak 3 sany kerçe (Günorta — Günbatar, Demirgazyk — Gündogar we Merkezi) bölünýär. Ol kerçlerdäki gaz ýataklarynyň her biri özbaşdak gaz-suw galtaşmasy bilen çäklendirilen. Kän 2002-nji ýylyň aprel aýynda senagat taýdan ulanyşa goýberilýär.

Oraznur NURMURADOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň önümçilik geologiýasy bölüminiň başlygy.