HABARLAR

Beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly

Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň şan-şöhratyny beýgeltmek bilen bir hatarda, röwşen geljegimiziň üpjün edilýändiginiň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan beýik ösüşleri, ulanmaga berlen desgalary synlanyňda ýürek buýsanjyň goşalanýar. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý tejribesi, bina galdyrmak, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgesi bu günki günde mynasyp dowam etdirilýär we döwrebap ösdürilýär. Şeýle ajaýyp binalaryň arasynda ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki bularyň ählisi halk bähbitli işlerdir, geljege niýetlenen belent maksatlaryň rowaçlanmagydyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, sebitlerinde gurlup, ulanmaga berlen binalar milli ykdysadyýetimiziň hem kuwwatlydygyny beýan edýär. Bu halkymyzyň bagtyýar şu gününiň we nesilleriniň geljeginiň hatyrasyna gönükdirilýändigi bilen buýsanjymyza buýsanç goşýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli halkymyz tüýs ýürekden alkyş aýdýar. Çünki durmuşa geçirilýän beýik işler, belent üstünlikler ýurdumyzy täze ö

«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önüm berdi

Ýakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 236-njy belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 563 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4 müň 509 —–4 müň 363 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi — 126 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär. Bu işler milli hünärmenlerimiz tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirildi. Gazanylan zähmet üstünliginde halypa burawlaýjylar bilen birlikde ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap, ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, işleri çalt depginde, ýokary hilli ýerine ýetirmäge, şeýlelikde, guýularyň uzak wagtlap işlemegine şert döredýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 38 sanysy hasaba alyndy. Özbegistandan, Gazagystandan, Gonkongdan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna nebit önümleriniň galyndylaryny, portlandsementi satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 40 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ýylyň birinji ýarymynda söwda toplumynda gazanylan öňegidişlikler

12-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Atdaýew garamagyndaky düzümlerde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabatda toplumyň üstünlikleri giňişleýin beýan edildi. Hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 104,5 göterime deň boldy.

Şu ýylyň alty aýynda hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy

2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy. Bu barada 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowyň beren hasabatynda mälim edildi. Bellenilişi ýaly, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikli karzlaryň, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere gönükdirilen karz serişdeleriniň görkezijisi ýokarlandy. Şeýle-de hasabatda 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň galyndysynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artandygy bellenildi.

Harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň gümrük edaralaryna sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. «ASYCUDA World» maglumatlar ulgamy, elektron ekranlary, barlag rentgen enjamlary, maglumat ekranlary, TIR EPD sanly ulgamy we «Eksport-import amallary üçin bir penjire» maglumatlar ulgamy gümrük edaralaryna ornaşdyrylan sanly ulgamyň giň mümkinçilikleridir. Häzirki wagtda sanly ulgam arkaly alnyp barylýan işler has-da ýokarlanyp, bu ugurda daşary ykdysady işe gatnaşyjy taraplara uly mümkinçilikler döredilýär. Daşary ykdysady işe gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleri we harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek babatda ýene bir amatly mümkinçilik döredildi.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASY

Finlýandiýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolup, senagat taýdan ösen, BMG-niň 2012-nji ýylda kabul eden 66/281 belgili karary bilen her ýylyň 20-nji martynda giňden bellenilýän Halkara bagt güni mynasybetli, her ýylda neşir edilýän Bütindünýä bagtlylyk hasabatyna görä, dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawynda yzly-yzyna 7 gezek (2018 – 2024ý.ý.) 1-nji orny, Global innowasion indeksiň reýtinginde (2023ý.) 6-njy orny, Ýewropanyň innowasion reýtinginde (2023ý.) 3-nji orny eýelän, ykdysadyýeti açyk, ýokary derejede ösen infrastrukturaly, önümçilikleriň, ylmy-tehniki merkezleriň we uniwersitetleriň arasynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýan, täze tehnologiýalary çalt özleşdirýän, ilaty ýokary bilim derejeli we işewürlik üçin amatly şertler döredilen ýurtdur. Tokaý hojalygy, maglumat we telekommunikasiýa, metallurgiýa, energetika, işewürlik hyzmatlary, saglygy goraýyş, maşyn gurluşygy, azyk, gurluşyk fin ykdysadyýetiniň esasy pudaklarydyr. Finlýandiýanyň halkara derejesinde ykrar edilen bilim we innowasiýa ulgamy tarapyndan goldanýan çözgütleriň netijesinde ýurt sirkulýar ykdysadyýete geçmekde öňdebaryjy orny eýeleýär. Materiallary gaýtadan ulanmagy ýola goýmak arkaly, olaryň du

Hytaý iň ýokary oňyn söwda balansyna eýe boldy

Bütindünýä banky 2023-nji ýylyň jemleri boýunça daşary söwda dolanyşygynda iň ýokary oňyn söwda balansyna eýe döwletleriň sanawyny yglan etdi. Oňa laýyklykda, geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasy 594 milliard amerikan dollary möçberinde oňyn söwda balansyny gazanyp, sanawyň birinji ornuny eýeläpdir. Sanawda ikinji ýerde Germaniýanyň (245,3 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), üçünji ýerde bolsa, Irlandiýanyň (178 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy) ady getirilýär. Şeýle-de ilkinji onlukdan Singapur (155 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Şweýsariýa (131 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Saud Arabystany (127 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Russiýa Federasiýasy (121 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Niderlandlar (97 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Awstraliýa (83 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy) hem-de Braziliýa (81 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy) ýer alypdyr. Şol bir wagtyň özünde hasabatda geçen ýyl daşary söwda dolanyşygynda importy eksportyndan has artyk bolan döwletler barada hem maglumat berilýär. Bu sanawyň başyny 1,1 trillion amerikan dollarlyk görkeziji bilen ABŞ çekýär.

TDG-ä agza ýurtlaryň özara söwda dolanyşygy 5 essä golaý artdy

Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň arasynda özara söwda dolanyşygy soňky onýyllykda 5 essä golaý artdy. Bu barada TDG-niň baş sekretarynyň orunbasary Omer Kojaman mälim etdi. Omer Kojamanyň aýtmagyna görä, TDG-ä agza ýurtlaryň arasynda özara söwda dolanyşygy 2015-nji ýylda 10 milliard amerikan dollary töwereginde bolan bolsa, bu görkeziji häzirki wagtda 50 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Şunuň bilen baglylykda, ol gurama agza ýurtlaryň bu görkezijini 100 milliard amerikan dollaryna ýetirmäge mümkinçilikleriniň bardygyny hem nygtady.

TSMC kompaniýasy «Tesladan» öňe geçdi

«Taiwan Semiconductor Manufacturing Company» (TSMC) bazar maýasynyň möçberi bir trillion amerikan dollaryndan geçýän iri kompaniýalaryň hataryna goşuldy. Bu üstünlik tehnologiýalar pudagynda giňden peýdalanylýan ýarym geçirijileri öndürýän TSMC kompaniýasynyň dünýäniň öňdebaryjy tehnologik ägirtleriniň birine öwrülendigini aňladýar. Gymmatbahaly kagyzlarynyň bahasynyň ýylyň başyndan bäri 80 göterim ýokarlanmagynyň netijesinde häzirki wagtda TSMC bazar maýasy boýunça «Tesla» kompaniýasyndan hem geçmegi başardy. Şu ýyl bütin dünýäde ýarym geçiriji tehnologiýalara zerurlyk, geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 16 göterim ýokarlandy. Bilermenleriň çaklamalaryna laýyklykda, ýarym geçirijileriň satuwynyň 2025-nji ýylda 12,5 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Şeýle ösüş häzirki döwürde yzygiderli kämilleşdirilýän emeli aň tehnologiýalary üçin çylşyrymly we kuwwatly çiplere islegiň barha artmagy bilen şertlenendir.