Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASY

15 Iýul 2024
164

Finlýandiýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolup, senagat taýdan ösen, BMG-niň 2012-nji ýylda kabul eden 66/281 belgili karary bilen her ýylyň 20-nji martynda giňden bellenilýän Halkara bagt güni mynasybetli, her ýylda neşir edilýän Bütindünýä bagtlylyk hasabatyna görä, dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawynda yzly-yzyna 7 gezek (2018 – 2024ý.ý.) 1-nji orny, Global innowasion indeksiň reýtinginde (2023ý.) 6-njy orny, Ýewropanyň innowasion reýtinginde (2023ý.) 3-nji orny eýelän, ykdysadyýeti açyk, ýokary derejede ösen infrastrukturaly, önümçilikleriň, ylmy-tehniki merkezleriň we uniwersitetleriň arasynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýan, täze tehnologiýalary çalt özleşdirýän, ilaty ýokary bilim derejeli we işewürlik üçin amatly şertler döredilen ýurtdur. Tokaý hojalygy, maglumat we telekommunikasiýa, metallurgiýa, energetika, işewürlik hyzmatlary, saglygy goraýyş, maşyn gurluşygy, azyk, gurluşyk fin ykdysadyýetiniň esasy pudaklarydyr.

Finlýandiýanyň halkara derejesinde ykrar edilen bilim we innowasiýa ulgamy tarapyndan goldanýan çözgütleriň netijesinde ýurt sirkulýar ykdysadyýete geçmekde öňdebaryjy orny eýeleýär. Materiallary gaýtadan ulanmagy ýola goýmak arkaly, olaryň durmuş dolanyşygyny üpjün etmegiň hötdesinden gelen döwletiň uly üstünlikleri gazanyp biljekdigine fin jemgyýeti göz ýetirýär. Tebigy resurslaryň sarp edilmeginden garaşsyz bolan uglerod bitarap ykdysadyýeti gurmak ýurdy ösdürmegiň we raýatlaryň maddy hal ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunda tebigy resurslary gazyp almak we ulanmak babatda iň ýokary tygşytlylyk ýörelgesine esaslanmak maksat edinilýär. Şeýle möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek bilen, Finlýandiýanyň «SITRA» milli innowasiýa gaznasy meşgullanýar. Bu gazna sirkulýar ykdysadyýetini geljegiň ykdysadyýeti diýip hasaplaýar.

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar