Meýilnamalar artygy bilen

13 Iýul 2024
214

Ýurdumyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bitirilýän işler hem muňa aýdyň güwä geçýär.

Bu häzirki zaman toplumyna şu ýylyň geçen hasabat döwründe gelip gowşan 2 million 220 müň tonna nebit çig malynyň 2 million 211 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, bellenilen meýilnamalar, degişlilikde, 102,9 we 103,1 göterime barabar berjaý edildi. Taýýarlanylan awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň umumy mukdary bolsa 669 müň tonna golaýlap, tabşyryga 105,3 göterim hötde gelindi. Şeýle hem ýylyň birinji ýarymynda bu ýerde kerosin öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, dizel ýangyjy babatda 101 göterim, çalgy ýaglary boýunça 116,7 göterim ýerine ýetirildi. Daşarky bazarlarda geçginli önümleriň hatarynda durýan suwuklandyrylan gazy taýýarlamagyň tabşyrygynyň 281,6 göterim berjaý edilendigini aýratyn nygtamak gerek. Bu iri önümçilikde nebit bitumyny taýýarlamagyň meýilnamasy hem artygy bilen ýerine ýetirildi.

(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar