HABARLAR

Sazlaşykly işleriň netijesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda pul dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralarynda elektron töleg ulgamyny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda ýola goýlan sazlaşykly işler netijesinde karz edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňelýär, hyzmatlary sanly görnüşe geçirmekde döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Sanly bank hyzmatlaryna mysal hökmünde «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ýaly bank önümlerini görkezmek bolar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy. Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Şotlandiýadan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gonkongyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

«Mawy ýangyjyň» mekanynda

Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň her biri geçen ýylda tebigy gaz, gaz kondensatyny çykarmakda guwandyryjy görkezijilere eýe boldular. Müdirligiň gaz çykaryjylary geçen ýyl gaz we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Olar şanly ýylda ýerasty guýularyň abatlaýyş işlerine hem aýratyn ähmiýet berdiler. Bu bolsa, guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda guýularyň 30-synda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň täze gorlarynyň işe girizilmegini ýola goýmak arkaly «Zäkli derweze», «Çemmerli» gaz ýataklarynda iki guýyny, «Toparjulba» gaz käninde üç guýyny önümçilige goýbermek meýilleşdirilýär.

Hazar deňziniň baýlygy halklaryň bähbidine

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uly dabaralara beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalar ýatdan çykmajak täsirleri bilen kalbymyzda baky orun alýar. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Özara bähbitli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň juda öňdengörüjilik bilen öňe sürýän başlangyçlary hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösüşe eýe bolmagyna ýardam edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem hormatly Prezidentimiziň dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ynsanperwer syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Indi Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň ýangyç çig mal serişdelerini özleşdirmek işleri azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Mun

Bank ulgamyndaky döwrebap mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň bank ulgamy hem depginli ösdürilýär, döwrebaplaşdyrylýar. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň gatnaşmagynda Türkmenistanda döredilen ilkinji açyk görnüşli paýdarlar täjirçilik bankydyr. Ol guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça paýdarlar jemgyýeti, ýagny, esaslandyryş maýasy paýnamalaryň esaslandyryjylar tarapyndan kesgitlenen sanyna bölünen hojalyk jemgyýeti görnüşindäki edaradyr.

Belent maksatlary nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine şu günler göni wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli geçirilýän dürli derejedäki duşuşyklar, forumlar we beýleki çäreler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şu hepdäniň çarşenbe güni BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen nobatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belent sepgitleri nazarlap

Bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Däp boýunça ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýylda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene hem şu ýylda uly toý-dabaralara beslenip, giňden bellenip geçiler. Arkadagly ýurdumyzda ýyllarymyz biri-birinden zyýada bolup gelýär. Her ýyl beýik ösüşlere beslenip, raýatlaryň kalbyna egsilmejek şatlyk bagyşlaýar.

Sanly hyzmatlaryň kämil görnüşleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredilip, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär. Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Halkbank terminal» arkaly hyzmatlary ýerine ýetirmäge, netijede bolsa, ilatyň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär.

Energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2021-nji, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam goýdy. 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolup geçen wakalar Garaşsyz ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynyň ilkinji gadamlary möhüm wakalaryň birnäçesine beslendi. Şol wakalaryň hatarynda 21-nji ýanwarda, Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübärekläp, resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň beýan edilýändigine kanagatlanma bildirdiler.

Döwrebap özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji ýanwarda bolup geçen taryhy wakalar — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň hem-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şeýle taryhy wakalaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini wagyz etmek boýunça indi birnäçe gün bäri ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda geçirilip gelinýän maslahatlaryň jemleýjisi düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde boldy. Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen maslahata ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda ata Watanymyzyň täze taryhy döwürde ýeten belent sepgitleri buýsanç bilen wasp edildi.