Günüň gelşi säherinden maglumdyr, ýylyň gelşi äheňinden

20 Ýanwar 2021
1716

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Mähriban halkymyz geçen şanly ýylymyzda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçdi. Şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp ak şäherimiz Aşgabatda, edil şonuň ýaly-da, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde il-ýurt bähbitli beýik işler amala aşyryldy, birgiden möhüm desgalar ulanylmaga berildi. Has takygy, hormatly Arkadagymyzyň 30-njy dekabrda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Diýarymyzda il-ýurt bähbitli umumy bahasy 7 milliard manada deň bolan 45 sany döwrebap desga açyldy. Bu açylan desgalardyr binalar häzirki döwürde mähriban halkymyzyň, döwletimiziň, umumadamzadyň bähbidine hyzmat edýär. Umuman, 2020-nji ýyl hem beýik ösüşleriň, döretmegiň we gurmagyň şöhratly ýyly bolup, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, berkarar Diýarymyzyň täze taryhynyň röwşen sahypalaryna girdi. Halkymyzda «Günüň gelşi säherinden maglumdyr, ýylyň gelşi äheňinden» diýlişi ýaly, eziz Watanymyzyň durmuşynda Täze, 2021-nji ýyl şatlykly hoş habarlar, şanly wakalar bilen badalga aldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 12-nji dekabrda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň resminamasy BMG-niň alty sany resmi dilinde dünýäniň çar künjüne ýaýradyldy.

Hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitli oňyn netijeleri bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär, türkmen döwletiniň abraý-mertebesini belende galdyryp, jahana ýaň salýar. Türkmen döwletiniň teklibi esasynda 2021-nji ýylyň tutuş dünýäde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, parahatçylygy abadançylygy baş ýörelge edinýän mähriban halkymyzyň hormatly Arkadagymyzyň amal edýän beýik işlerine bolan buýsanjyny, guwanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumadamzat bähbitli möhüm başlangyçlarynyň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary biragyzdan kabul etmegi hem, olaryň dünýäniň umumy ösüşinde möhümdigine hem-de zerurdygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Arkadagymyz 2021-nji ýyly ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyryp berdi.

Annamyrat MÄMMEDOW,
«Aşgabat».