19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.
Iş maslahatyny açyp, milli Liderimiz gurluşyk we senagat, ulag we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerleri, Balkan welaýatynyň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny degişli derejede saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet bermelidigine ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.