Ösen ykdysadyýet — kuwwatly döwletiň binýady
10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylabow, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedow, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy J.Jumagylyjow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Täçmuhammedow, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.