Bank ulgamyndaky ösüşler

10 Fewral 2021
1829

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ilat üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzda bank kartlary arkaly hödürlenilýän bank amallarynyň sany yzygiderli artdyrylýar, geçirilýän tölegleriň goraglylygy we howpsuzlygy üpjün edilýär. Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alyp barýan işleriniň netijesinde bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde, kiçi we orta telekeçiligi goldamakda, täze bank hyzmatlaryny hödürlemekde, nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmakda gazanýan netijeleriniň ähmiýeti uludyr. Bu barada bankyň Daşoguz şäher şahamçasynyň hünärmeni Nurmyrat Garlyýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Nurmyrat, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Halkymyza bank tarapyndan döredilen mümkinçilikler, töleg terminallary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň ýola goýlan görnüşleri hakynda gürrüň beräýseňiz!

Söhbetdeş bolan Şekerjan AHMEDOWA,
«Daşoguz habarlary».