Bank ulgamy kämilleşdirilýär

10 Fewral 2021
1812

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamynda hem uly ösüşler, özgerişler gazanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda oňaýly pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmeklikde möhüm orny eýeleýär.

Ýurdumyzda bank işiniň ösdürilmegi we onda täze innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, depginli ösüşi üpjün etmeklige hem-de dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmaga ýardam edýär. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşli goýumlara çekmek arkaly goýum hasaplaryndaky serişdeleriň möçberini artdyrmak, olar boýunça tölenýän göterimlerini maliýe bazarynda hereket edýän nyrhlara laýyklykda bellemek, müşderileriň isleglerini öwrenmek arkaly goýumlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ogulbahar MEREDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň hünärmeni.