HABARLAR

Ylma we döwrebaplyga daýanyp, täze sepgitlere

Hormatly Prezidentimiziň 25-nji oktýabrda gol çeken Kararyna laýyklykda geçirilýän «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy iki günläp dowam eder. Biz hem düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda öz işine başlan foruma iň täze işläp taýýarlamalary, halkara ähmiýetli taslamalary bilen gatnaşýan hytaýly myhmanlaryň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Çžan GUOSZIN,Lançžou Szýaotun uniwersitetiniň Halkara alyşmalar merkeziniň direktory, Halkara bilim mekdebiniň dekany:

Dünýä we Magtymguly

«Asman astyndaky ýurtda» dana Pyraga sarpa Hormatly Prezidentimiz goşgulary aýdyma, sözleri dilleriň senasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyryşyň owazy bolup ýaňlanýan eserleriniň döwürleri, milletleri we döwletleri baglanyşdyryp, ýakyn-alys, goňşy-garyndaş halklaryň guwanjyna öwrülendigini belleýär. Bu günki gün beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýäniň çar künjeginde giňden dabaralandyrylmagy-da muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Golaýda bolsa Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat hem-de şahyryň saýlanan şygyrlarynyň hytaý dilindäki täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen wekiliýeti Dohadaky sergä gatnaşdy

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherinde «Çagalar — biziň iň uly baýlygymyz» şygary astynda geçirilen «Kids Expo 2024» halkara sergisine gatnaşdy. Bu serginiň dürli öwüşginli ekspozisiýalary dünýä ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekdi. Täsin we özüne çekiji bölümlerden ybarat bolan sergide çagalaryň doglan wagtyndan, tä olar 13 ýaşaýança gerek bolan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we dynç alyş ulgamlaryndaky önümlerdir hyzmatlaryň iň täze gazananlary öz beýanyny tapdy. Hususan-da, bilim tehnologiýalary, logopedik we saglyk hyzmatlary bilen bagly diwarlyklar gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary «A+Programm» maksatnamasynyň çäklerinde hödürlenen innowasion okuw usullary bilen hem tanyşdylar. Bu maksatnamanyň döwrebap bilim ulgamynyň iň täze gazananlarynyň biridigini aýratyn nygtamak gerek. Wirtual hakykat, emeli aň we uzak aralykdan okuw usullary maksatnamanyň esasy aýratynlygy hökmünde orta çykýar.

Hemişelik Bitaraplyk— parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Bitarap Türkmenistan» atly we beýleki kitaplarynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy gözbaşlarydyr aýratynlyklary barada beýan edilýär. Ol eserler parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýamyzyň many-mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Hemişelik Bitaraplygyň taryhy kökleri we milli aýratynlygy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde şeýle beýan edilýär: «Biziň döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologiýasy, milli aň-düşünjesi öz beýanyny tapdy. Açyklyk we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we beýleki milletlere hormat goýmak diňe bir goňşy halklaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmakda däl-de, eýsem, olaryň ylymda we sungat äleminde gazanýan üstünliklerine guwanýandygynda hem ýüze çykýar. Bu häsiýetler bolsa, biziň milli aýratynlygymyza hemişe mahsusdyr». Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy tutuş sebit, galyberse-de, bütin dünýä üçin uly ähmiýetli çözgütdir. 1992-nji ýylyň iýulynda Helsinkide geçirilen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň (häzirki

Barha rowaçlanýan ulgam

Ulag ulgamy döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi bolup, ol ýurduň köpugurly ösüşine öz täsirini ýetirip bilýändigi bilen ähmiýetlidir. Şonuň üçin, bu ulgam döwletimiziň üns merkezinde aýratyn orunda durýar. Türkmenistan geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär, munuň özi bolsa onuň ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýe bolmagyny şertlendirýär. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Guwanjym, buýsanjym Watan

Hemişelik Bitarap döwletimiziň hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň oňynlyklara tarap barha ilerlemegi daşary syýasatymyzda halkara hyzmatdaşlyklaryň pugtalanýandygynyň görkezijisidir. Häzirki wagtda Türkmenistan Ýer ýüzünde ösüşiň özboluşly, milli nusgasyny saýlan döwlet hökmünde tanalýar. Eziz Diýarymyzyň dünýä dolýan şan-şöhraty, özgerişleri diňe bir bagtyýar raýatlarymyzy däl, eýsem, dünýä türkmenlerini hem guwandyryp, başlaryny gök diredýär. Dünýäniň çar künjünde ýaşaýan arkadaşlarymyz ata Watana bolan söýgüsini, buýsanjyny ýürek sözlerinde beýan edip, gazetimiziň elektron poçtasyna ýollaýarlar. Biz hem gazetiň şu sanynda olardan birini okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy. Duşyşyklarda Halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge we durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny döretmäge aýratyn üns berildi.

Özara bähbitli pikir alyşmalar

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarydyr alymlary, Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Siniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýet agzalary gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň geçen ýylyň noýabrynda Pekin şäherinde geçirilen birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dürli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigi bilelikdäki komitetleriň alyp barýan işlerinden hem aýdyň görünýär.

Logistika: şanly seneler, üstünlikler, taslamalar

Diýarymyzda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iri halkara forumlar yzygiderli geçirilýär. 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat, 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Awazada guralan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat şolaryň iň möhümleridir.

Ertir “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Düýn geçirilen mejlisde döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere seretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip ykrar edilmegi mynasybetli, BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäräni guramak meýilleşdirilýär. Halkara maslahata dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden we ýurdumyzdan 600-e golaý wekiliň, sanly ulgam arkaly 50-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.