4 — 6-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Wise-premýer N.Atagulyýew nobatdaky Hökümet mejlisinde bu barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu giň gerimli gözden geçirilişe Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Sergä gatnaşyjylar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma, azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny öndürijilerden, logistika, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalardan ybarat bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.