Hemişelik Bitaraplyk— parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly

26 Noýabr 2024
194

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Bitarap Türkmenistan» atly we beýleki kitaplarynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy gözbaşlarydyr aýratynlyklary barada beýan edilýär. Ol eserler parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýamyzyň many-mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Hemişelik Bitaraplygyň taryhy kökleri we milli aýratynlygy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde şeýle beýan edilýär: «Biziň
döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologiýasy, milli aň-düşünjesi öz beýanyny tapdy. Açyklyk we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we beýleki milletlere hormat goýmak diňe bir goňşy halklaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmakda däl-de, eýsem, olaryň ylymda we sungat äleminde gazanýan üstünliklerine guwanýandygynda hem ýüze çykýar. Bu häsiýetler bolsa, biziň milli aýratynlygymyza hemişe mahsusdyr».

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy tutuş sebit, galyberse-de, bütin dünýä üçin uly ähmiýetli çözgütdir. 1992-nji ýylyň iýulynda Helsinkide geçirilen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň (häzirki ÝHHG) sammiti onuň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň başlangyç nokadyna öwrüldi. Çünki onda Türkmenistan ilkinji gezek öz daşary syýasy ugrunyň düýp mazmuny hökmünde oňyn bitaraplygyny jar etdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barmagyň netijesinde 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde abraýly guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda iki gezek Kararnama kabul etdi. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi.

Ýunus MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.