HABARLAR

Ermenistandaky dabara

20-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýerewan döwlet uniwersitetinde «Magtymgulynyň filosofik mirasy — Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy» ady bilen umumy okuw sapagyny geçirdi. Türkmen diplomatynyň «Magtymgulynyň filosofik mirasy — Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy» ady bilen geçiren umumy sapagyna Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplary gatnaşdy. Beýik akyldaryň 300 ýyllyk ýubileý senesine hem-de 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan bu sapak Bitarap Türkmenistanyň häzirki daşary syýasat konsepsiýasynda görnükli şahyryň üç asyr mundan ozal wagyz eden ynsanperwer ideýalarynyň öz beýanyny tapýandygyna anyk maglumatlar arkaly göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Astanada geçirilen duşuşyk

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumatlar ministrliginiň Golýazmalar we seýrek kitaplar milli merkezinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanylyp döredijilik duşuşygy geçirildi. Görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanylan duşuşyk şol ýurduň Golýazmalar we seýrek kitaplar milli merkezi bilen Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Duşuşyga Astanada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, türkmen talyplary, söz ussadynyň döredijiliginiň muşdaklary we žurnalistler gatnaşdy. Duşuşykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi B.Omarow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ý.Lallakow, O.Ozganbaýuly, A.Şarip, S.Negimow ýaly köp ýyllaryň dowamynda akyldaryň edebi mirasyny öwrenip gelýän alym-akademikler we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda öz halkyny agzybirlige, jebislige, berkarar döwlet gurmaga çagyran beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna guralan duşuşygyň ähmiýetine ýokary baha berdiler. Şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi onuň baý döredijili

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň gün tertibi Aşgabatda HHR-nyň ýörite wekili bilen ara alnyp maslahatlaşyldy

Golaýda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalarynyň biri Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň öňümizdäki daşary işler ministrleriniň formatyndaky 5-nji duşuşygynyň gün tertibi boldy.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýada tutýan orny

Bedew bady bilen öňe ilerleýän Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti bilen dünýä giňişliginde öz ornuny pugta berkitdi. Geçen ýyllaryň dowamynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä eýerilýän döwletimizde ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy üçin amatly şertleri döretmek babatda giň gerimli işler alnyp baryldy. Munuň özi, bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny artdyran bolsa, beýleki bir tarapdan, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýa sebitindäki ornuny has-da berkitdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ykdysady-geografik, syýasy-geografik we geosyýasy ýerleşişi boýunça uly mümkinçilikleriň ýurdy hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Munuň netijesinde ýurdumyz häzirki zaman dünýäsinde bir bitewi giňişligi emele getirýän Merkezi Aziýanyň ykdysady integrasiýasyna işjeň gatnaşýar we özüniň tebigy serişdelerini, eksport kuwwatyny sebit bazaryndaky zerurlygy kanagatlandyrmaga gönükdirýär. Biz bu

Türkmenistanyň daşary syýasaty we hoşniýetli diplomatiýasy

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy diplomatik, halkara hukuk hem-de söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär. Diplomatiýa döwletiň daşary syýasatyny amala aşyrmagyň guraly hem-de harby däl çäreleriň, usullaryň toplumyny öz içine almak bilen, anyk ýagdaýlara laýyk ulanylýar. Has giň manyda alnanda, diplomatiýa — döwletiň daşary syýasatyny parahatçylykly we gepleşikler ýoly bilen amala aşyrmagyň resmi görnüşi. Diplomatiýa bolsa döwletiň daşary syýasatynyň amala aşyrylyşynyň syýasy we resmi usuly guralydyr. Onuň esasy mazmuny döwletara we beýleki halkara derejelerinde deňhukukly hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga, saklamaklyga, ösdürmeklige gönükdirilendir. Diplomatik ýol bilen alnyp barylýan gatnaşyklar resmi görnüşde halkara-hukuk taýdan we umumy ykrar edilen diplomatik däp-dessurlar arkaly kadalaşdyrylýar.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy ulag boýunça çäre geçirdi

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde “Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri” atly ugurdaş çäresi guraldy. Bu çärä ýerli diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de 40-dan gowrak ýurtdan we halkara guramalardan 70-e golaý wekiller we halkara bilermenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň kitaby Özbegistanda tanyşdyryldy

Öňňin Özbegistan Respublikasynyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurduň Ýazyjylar birleşmesiniň, käbir ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen talyplary işjeň gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredowyň, ýurtda hereket edýän Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy G.Awezdurdyýewanyň, Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory I.Majidowyň, Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory B.Karimowyň, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy S.Saidowyň hem-de türkmen talyplarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: dostlukly gatnaşyklar işjeň ösdürilýär

Ýurdumyz bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklar däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürilýär. Munuň şeýledigini 21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen bolan duşuşyklary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň nygtaýşy ýaly, özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine BAE-de aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesiniň hem-de uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Munuň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin berk binýat bolup durýar.

Türkmenistan — Hindistan: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

20-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi. Diplomat hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz hanym Madhumita Hazarika Bhagaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça möhüm işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasy bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

Düýn, Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baştutany Žerom Garsýanyň ýolbaşçylygynda bu kompaniýanyň hünärmenleri bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk bolup geçdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen demirýolçulary ýurdumyzyň demirýol infrastruktura taslamalary, demirýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri bilen fransuz hünärmenlerini tanyşdyrdylar. Fransiýaly hünärmenler Türkmenistanyň demirýol ulaglary edarasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bilidirýändiklerini we bar bolan taslamalara gatnaşyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine öz saldamly goşantlaryny goşmagy maksat edinýändiklerini beýan etdiler.