Düýn, Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baştutany Žerom Garsýanyň ýolbaşçylygynda bu kompaniýanyň hünärmenleri bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk bolup geçdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen demirýolçulary ýurdumyzyň demirýol infrastruktura taslamalary, demirýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri bilen fransuz hünärmenlerini tanyşdyrdylar. Fransiýaly hünärmenler Türkmenistanyň demirýol ulaglary edarasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bilidirýändiklerini we bar bolan taslamalara gatnaşyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine öz saldamly goşantlaryny goşmagy maksat edinýändiklerini beýan etdiler.