Bedew bady bilen öňe ilerleýän Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti bilen dünýä giňişliginde öz ornuny pugta berkitdi. Geçen ýyllaryň dowamynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä eýerilýän döwletimizde ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy üçin amatly şertleri döretmek babatda giň gerimli işler alnyp baryldy. Munuň özi, bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny artdyran bolsa, beýleki bir tarapdan, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýa sebitindäki ornuny has-da berkitdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ykdysady-geografik, syýasy-geografik we geosyýasy ýerleşişi boýunça uly mümkinçilikleriň ýurdy hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Munuň netijesinde ýurdumyz häzirki zaman dünýäsinde bir bitewi giňişligi emele getirýän Merkezi Aziýanyň ykdysady integrasiýasyna işjeň gatnaşýar we özüniň tebigy serişdelerini, eksport kuwwatyny sebit bazaryndaky zerurlygy kanagatlandyrmaga gönükdirýär. Biz bu aýdylanlara aýratyn ugurlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirip bileris.