Goňşudan goňşa nur ýagýar
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde sözlän sözünde şeýle diýdi: «Örän iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriji merkezleriniň biri hökmünde biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirdi». Ine, şu sözlerden görnüşi ýaly, Türkmenistan 14-nji ýanwarda goňşy Owganystan döwletine kömek-goldaw bermekde dünýä nusgalyk iş etdi. Şol gün bu iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde amala aşyrylan iri taslamalaryň işe girizilmegine badalga berildi. Şol taslamalaryň biri-de, Kerki — Şibirgan ugry boýunça gurlan elektrik geçiriji ulgamydyr. Umumy uzynlygy 153 kilometre barabar bu elektrik geçiriji güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik toguny goňşy Owganystan döwletiniň Mazari-Şarif şäherine çenli eltip bilýär. Bu şäherde ol ýörite gurlan beketde kabul edilip, degişli ugurlara paýlanylýar. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasyny, bu goňşy ýurt, ylaýta-da, onuň demirgazyk welaýatlary peýdalanýar. Bu ulgam 2022-nji ýylyň başyna Owganystanyň Puli-Humri w