ÝURDUMYZYŇ «DEŇIZ DERWEZESINIŇ» GIŇ MÜMKINÇILIKLERi
Golaýda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Ukrainanyň Ykdysady ösüş, söwda we oba hojalygy ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, Ukrainanyň döwlet kärhanalaryny hem-de telekeçilerini Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.