Britaniýanyň uniwersitetleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýärler
Britaniýanyň uniwersitetleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge barha köp gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Britaniýanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa eksport boýunça sebitleýin direktory Sara Çiji Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen penşenbe güni Aşgabat şäherinde bolan duşuşygynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär. «Britaniýanyň birnäçe uniwersitetleri, şol sanda Westminster uniwersiteti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ýokary bilim ulgamynda bilim hyzmatlaryny hödürlemäge gyzyklanma bildirýär» diýip, S.Çiji aýtdy.