Şu ýylyň 11 — 14-nji noýabry aralygynda Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde «Medica» ady bilen halkara lukmançylyk sergisi geçirildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu halkara sergä 72 ýurtdan 5800 sany saglygy goraýyş hem-de lukmançylyk ulgamynda iş alyp barýan kompaniýanyň wekilleri gatnaşdylar. Sergä 80 müňden gowrak gyzyklanýan adamlar myhman hökmünde baryp gördüler.
Sergä gatnaşyjylar iň häzirki zaman saglygy anyklaýyş IT tehnologiýalary, fizioterapiýa hem-de ortopedik enjamlary we innowasion saglyk önümleriniň giň toplumy bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de olar bu pudakda gazanan iş tejribeleri dogrusynda pikir alyşdylar.