Sanly geljek şu günden başlanýar

16 Noýabr 2024
235

Onuň ösüş meýilleri we mümkinçilikleri «Türkmentel — 2024» forumynyň gün tertibinde

Paýtagtymyzda dowam edýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň çäginde geçirilýän ylmy maslahat düýn öz işini üstünlikli tamamlady. Mowzuklaýyn mejlisleriň üçüsinde oňa gatnaşyjylar kommunikasiýalaryň geljekki mümkinçilikleri, hemra tehnologiýalary, etiki, inklýuziw sanly jemgyýetleri döretmek ýaly şu günüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, olar boýunça öz pikir-garaýyşlaryny, tekliplerini beýan etdiler. Umuman, iki günüň dowamynda 40-a golaý wekiliň çykyşy diňlenip, munuň özi telekommunikasiýa pudagynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmak, öňdebaryjy kompaniýalaryň durmuşa geçirýän işleri barada esasy hünärmenlerden ygtybarly maglumatlary almak, intellektual innowasiýalara daýanýan sanly geljege nazar aýlamak üçin örän amatly mümkinçilik boldy.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».