HABARLAR

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň daşarky hyzmatdaşlygy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban bilim ojagymyz bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Ylalaşyk we Ähtnama esasynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýup, sanly ulgam arkaly ylym-bilim taslamalaryna gatnaşýan daşary ýurtlaryň abraýly edaralary bilen gatnaşyp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny ösüşlere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynamyny mynasyp ödäris diýip umyt edýäris!

Sarahs demir ýol menzilinden Eýranyň eksport harytlarynyň geçirilişi 6% artdy

2024-nji ýylyň 21-nji martynda başlanýan Eýranyň ýyl senenamasynyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Sarahs demir ýol menzili arkaly geçirilen eksport harytlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim ýokarlandy. Bu barada “IRNA” habarlar agentligi ýurduň Horasan sebitiniň demir ýol edarasynyň başlygy Mustafa Nasiriniň sözlerine salgylanyp habar berýär. Demir ýol menzili arkaly eksporty, importy we üstaşyr geçirmeleri öz içine alýan halkara ýük daşamalaryň möçberi 2,2 million tonna ýetdi. Şunda esasy bölegini sement we metal gurnamalary düzýän eksport harytlarynyň paýy 840 müň tonnadan geçdi. Bu möçberiň 810 müň tonnasy Horasan-Rezawi sebitinden iberildi. Ýükleriň uly bölegi eýran wagonlaryny ulanmak arkaly Türkmenistana eltildi.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Sankt-Peterburg — Aşgabat, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Pyragynyň şygyrlary Konfusiniň dilinde

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy kitabyň halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, özara düşünişmäge ýol açýan bahasyz gymmatlykdygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, döwletimiziň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, žurnalistler gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäniň 40-dan gowrak diline terjime edildi. Hytaý Halk Respublikasynda çapdan çykan täze kitap bolsa şahyryň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki üçünji neşiridir. Geçen aýyň hut şu günlerinde Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahatyň geçirilendigini gazetimizde habar beripdik. Paýtagtymyzda bu günki guralan çäre-de şolaryň üstüni ýetirip, türkmen-hytaý dostlugynyň kitaply gatnaşyklar arkaly has-da berkeýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Kitabyň terjime edilmegine gönüden-göni d

Dost-doganlyk köprülerini berkidip

Türkmenistanyň dürli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Bitaraplyk syýasatyna möhüm orun degişlidir. Bu syýasat döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda medeni diplomatiýa uly orun berlip, ol yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen köp sanly halkara çäreler medeni dialogyň has-da işjeňleşmegine getirdi. Ýeri gelende bellesek, «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, dünýä jemgyýetçiligini olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda hem dürli görnüşdäki baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de ol türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýetara hyzmatdaşlygyna esaslanýar. Ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň eýýäm ikinji gezek «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi olaryň gadymy

Türkmenistan — Malaýziýa: özara ynanyşmagyň binýady

Türkmen-malaý gatnaşyklarynda täze sepgitler

Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, özara peýdaly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýän Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde dürli ugurda üstünlikli ösdürilýän türkmen-malaý hyzmatdaşlygy okgunly häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi sapary hyzmatdaşlygyň täze üstünliklerine beslendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Bu resmi sapar hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa bolan ilkinji resmi saparydyr. Iki dostlukly döwletiň arasynda 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlandyr. Şondan bäri geçen döwrüň içinde iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugur boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Esasan-da, nebitgaz senagaty, bilim, syýahatçylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Bu Beýannamada energetika pudagy

Dünýä türkmenleri gutlaýarlar

Ulynyň-kiçiniň sabyrsyzlyk bilen garaşan Täze ýyl baýramçylygynyň bosagamyza gelmegi bilen dünýäniň çar künjeginde mesgen tutan türkmen doganlarymyzdan sanly ulgam arkaly gelýän gutlaglaryň, telefon jaňlarynyň sany artýar. Olar öz gutlaglarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ata Watanymyzyň ähli halkyny Täze ýyl bilen mähirli gutlap, ýurdumyza parahatlyk, asudalyk, gülläp ösüş, halkymyza bolsa saglyk, agzybirlik, bagtly durmuş arzuw edýärler. Şeýle hem dünýä türkmenlerinden gelýän gutlaglaryň her jümlesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzyň bedew batly köpugurly ösüşlerine, ýeten belent sepgitlerine buýsanç duýgusy dolup-daşýar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bütin dünýäde giňden bellenýän dabaralaryň hemişelik Bitarap Türkmenistany we türkmen halkyny giň halkara jemgyýetçiligine has ýakyndan tanadandygyny, dünýä halklarynyň döwletimize we milletimize bolan hormatyny artdyrandygyny guwanmak bilen belleýärler.

2024-nji ýyl dünýä türkmenleriniň ykbalynda

Täze ýylyň golaýlamagy bilen dünýäniň çar künjeginde mesgen tutan doganlarymyzdan her jümlesi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklara, watandaşlarymyza bolan ýagşy arzuwlara beslenen gutlaglar sanly ulgam arkaly yzygiderli gelýär. Biz hem olaryň käbirini Täze ýylyň öňýany okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Gurbannyýaz ŞIRMUHAMMET,owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy:

Türkmenistan — Malaýziýa: uzak menzil, ýakyn dostluk

Aslynda, bir sebitde mesgen tutup, goňşy oturmak birek-birek bilen ýakynlyga, ýürekdeşlige ýol açýar. Gatnaşyklaryň ýygy-ýygydan ýola goýulmagyna, ysnyşykly hyzmatdaşlyga esas döredýär. Emma aralykda uzak menzilleriň ýatandygyna garamazdan, şeýle mähribanlygyň, ýürekdeşligiň saklanmagy ikitaraplaýyn dostlugyň, hakykatdan-da, mizemezdigine, «Gözden yrak — göwünden yrak» diýen sözüň hakyky gardaşlyga täsirini ýetirmeýändigine güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda, gepleşiklerde munuň şeýledigine ýene bir gezek şaýat bolduk. Iki ýurduň arasynda ençeme dagdyr düzleriň, deňizdir derýalaryň ýatandygyna garamazdan, dostlukly halkyň mähribanlygyny, ýürekdeşligini, myhmansöýerligini her pursatda duýmak ýakymly duýgulary bagyş etdi. Asylly ýörelgeler