HABARLAR

Goja ýazyjy maňa şeýle diýipdi...

Bir gün Baýram Jütdiýew maňa jaň edip şeýle diýipdi: «Sen dag hakynda ýazan makalalaryň bilen önüp-ösen topragyň — Watanyň öňündäki borjuňy berjaý etdiň». Bäh, muny, asyl, žurnaliste-de şeýle diýseň boljak eken, onda-da asuda döwrümizde, parahatçylykly günlerde! Bu söz Watan esgerlerine, Watan goragçylaryna, onda-da gahrymançylykly bir iş bitiren gerçeklere aýdylmaly sözdür hasap edip ýördük.

Halkara Bitaraplyk gününe

Türkmeniň buýsançly toýy Toýlary toýlara ulaşýan türkmen halky ýene bir buýsançly senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň baýramçylygyna barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýeňişli menziller bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalaryň ikisi bilen ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty bütin dünýäde uly goldaw tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Düýn 3-nji noýabrda Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri bolan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, döwet galamynyň geljekde-de ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasyndaky täsirli çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň watançylyk duýgusyny artdyryp, mukaddes Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmet çekip, şahsy goşandyny goşmalydygy baradaky çagyryşlar bilen utgaşdy. Bellenilişi ýaly, bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar.

Şöhratly taryhyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň hatary artýar. Muny ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy taryhy ýylyň bezegine öwrülip, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri, ynsanperwerligi, parahatçylygy ündeýän, milli medeniýetimize, taryhymyza, däp-dessurlarymyza, asylly ýörelgelerimize söýgi döredýän beýleki kitaplary ýaly, bagtyýar halkymyza bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat boldy. Milli Liderimiz: «Öz oý-pikirlerimi jemläp, ençeme maglumatlary seljerip, halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimize bagyşlap, «Hakyda göwheri» atly täze kitabymy ýazyp tamamladym» diýip belläp geçýär. Ajaýyp kitap halkymyzyň hakydalarda baky orun alan şöhratly taryhynyň, medeni hem ruhy mirasynyň beýany bolup, göwünleri buýsanja hem guwanja besleýär. Şonuň ýaly-da, ol türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhda goýan yzlary, meşhur şahsyýetlerimiz we olaryň bitiren işleri baradaky maglumatl

Eşretli durmuşyň girewi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny goramaga gönükdirilen döwletli tutumlar täze belentlikleri nazarlaýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde gurlan häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň, şypahanalaryň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň hatary ýylsaýyn artýar. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ynsan saglygyny berkitmekdäki giň mümkinçilikleri buýsançly söhbetlere mynasypdyr. Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işiniň ýola goýulmagy bolsa, saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ähmiýetli wakadyr. Kärhananyň ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürýän dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleri geljekde halkara bazarlarda hem mynasyp ornuny tapar. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygyny berkitmekde dowamat-dowam tapýan şunuň ýaly oýlanyşykly özgertmeler mähriban Watanymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Her birimizi sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermäge ruhlandyrýar. Ynsan saglygyna oňyn täsir e

Il saglygy — ýurt baýlygy

Halkyň saglygy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ugurda asylly maksatlara gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde döwletimizde saglygy goraýyş ulgamy halkara ülňüleriň derejesine ýetirildi. Hut şonuň üçin-de ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, saglygy goraýşy, derman senagatyny dünýä derejesine laýyklykda ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan halkyň saglygy we onuň geljegi baradaky alada «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlara daýanýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan döwletimizde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap sport toplumlarynyň, ähli amatlyklary bolan hassahanalaryň, saglyk öýleriniň mysalynda anyk görmek bolýar.

Dünýäniň toýuna öwrülen sene

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Üstümizdäki ýylyň şanly wakalary ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler guralýar.

Göterildi ol ykbaly türkmeniň

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň, ähli göwünleriň şahyrydyr. Beýik akyldaryň miras galdyran her bir setiri, her bir bendi tutuşlygyna nesihatdyr, durmuşda ýol görkeziji şamçyragdyr.

Sanly ykdysadyýetiň goragy

Maglumatlar asyrynyň wirtual giňişliginde dünýäniň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sanly nusgasy günsaýyn özgermek bilen. Bu günki günüň adamlary üçin dünýäniň dürli künjegine gaýybana syýahat etmek, san-sajaksyz maglumatlary öwrenmek elýeterli boldy. Şunuň bilen birlikde, şahsy taraplar hem-de edaralardyr kärhanalar üçin maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmek, degişli kiberhowpsuzlyk çärelerini durmuşa geçirmek jogapkärçiligi hem örboýuna galýar. Bu häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň biri bolup, onuň öňüni almak her döwletiň derwaýys wezipesidir. Ol bu gün bütin dünýäde halkara guramalaryň birnäçesiniň geljek üçin niýetlenen maksatnamalarynda özbaşdak bir ugra öwrüldi. Kiberhowplara garşy göreşmek işini döwrüň talaplaryndan, ösen tejribelerden ugur alyp kämilleşdirmek türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen netijeli ýola goýuldy. Bu sanly ykdysadyýete geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän taslamalaryň hem aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sanly giňişligiň, maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilmegi halkara hyzmatdaşlygyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 13-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kiberhowpsuzlyk ulgamynda halkara hyzma

Türkmenistanyň KANUNY

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda 1-nji madda