Sazyň jadylaýjy güýji

29 Noýabr 2024
749

Sungatyň dünýäniň, adamzadyň ýaşaýşynyň has-da gözelleşmegine getiren görnüşleriniň biri-de sazdyr. Gözellikleri duýmak ukybyny ösdürýän sazy bütin durky bilen diňleýän adama onuň edýän täsirini söz bilen düşündirip bolmaz. Sazyň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri-de taryplarça bardyr.

Bu ugurda köp tejribesi bolan alymlaryň geçiren barlaglarynyň esasynda gelen netijelerine görä, öz halaýan aýdym-sazyny diňlän adamyň beýnisinde «oňyn energiýa we duýgular» ýüze çykýar. Şol pursatda bolsa adamyň işjeňligi artýar, şähdi açylýar, özüni rahat we ruhubelent duýýar, gaýgy-aladalaryny unudýar.