Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

30 Noýabr 2024
200

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdynlygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Türkmenistanda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly tagallalar edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmäge, şol guramalara we aýry-aýry şahslara hyzmatlary etmek boýunça telekeçilik işi bilen meşgullanmaga, bedenterbiýe-sport we ugurdaş harytlary öndürmäge, mahabat işinde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, döwlet we hususy sport desgalaryndan peýdalanmaga, bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşiklerine girmäge hukuklary bardyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugy döwlet tarapyndan ony durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny alyp barmak arkaly üpjün edilýär.