Goja ýazyjy maňa şeýle diýipdi...

4 Dekabr 2024
144

Bir gün Baýram Jütdiýew maňa jaň edip şeýle diýipdi: «Sen dag hakynda ýazan makalalaryň bilen önüp-ösen topragyň — Watanyň öňündäki borjuňy berjaý etdiň».

Bäh, muny, asyl, žurnaliste-de şeýle diýseň boljak eken, onda-da asuda döwrümizde, parahatçylykly günlerde! Bu söz Watan esgerlerine, Watan goragçylaryna, onda-da gahrymançylykly bir iş bitiren gerçeklere aýdylmaly sözdür hasap edip ýördük.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.