HABARLAR

Watan mukaddesligi

Goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr. Watan! Bu mukaddes söz bilen baglanyşykly süýji gürrüňleri näçe diýseň etse bolar. Sebäbi Watan mukaddesliginiň çäkleri wagt taýdan alanyňda-da, perzentlik borjy taýdan kesgitläniňde-de gözýetmez uzaklyklara sary dowam edýär. Biz Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýolunyň gürrüňini edenimizde-de kalbymyzda nähilidir bir süýji gussa, ünji peýda bolýar. Şol mukaddes duýgy hem biziň şu Watanyň perzendidigimizi duýduryp duran hakykat. Şu giden uly giňişlikde — goja zeminiň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyz biziň bagt atly üleşikden uly paýlydygymyzyň nyşanydyr.

Watan goragy beýgeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watan goragçylarynyň baýramçylygynyň bellenilýän gününde geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi Milli goşunymyzyň şahsy düzüminiň baýramçylyk ruhuny göterip, baýramçylygy çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Has anygy, bu mejlis hormatly Prezidentimiziň: «Watan goragçysy hiç zatda kemçilik çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy — ýaragy gurat bolmalydyr» diýen taryhy sözleriniň durmuşa geçirilişiniň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garalyp, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça işleri kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Garaşsyzlygy goramak — mukaddes borjumyz

Bu ýyl döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan baýram edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygyň saýasynda geçen bu döwürde hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk döretmäge — kuwwat, gurmaga — güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga — egsilmez ylham berýär» diýen sözlerinden ruhlanyp, döwletimiziň her bir pudagynda uly üstünlikler gazanyldy we belent sepgitlere ýetildi. Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylda çapdan çykan «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler biziň halkymyzyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny subut etdi» diýip buýsanç bilen belleýşi ýaly, gazanylan bu ösüşlerde her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmeti, uly hyzmaty bardyr. Hawa, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes güýje eýe bolan sözdür. Bu söz ata-babalarymyzdan miras galan Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar şu gününe we nurana geljegine ynamly bakmaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlygyň egsilmez güýjünden, ähli ulgamlar babatda öňegidişlikler gazanyldy. Çünki biziň ösüşlerimiziň gözbaşy-da, çeşmesi-de Garaşsyzlykdan başlanýar. Halkymyzyň abadan, parahat, eşretli durmuşda ýaşaýanlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini

«Garaşsyzlyk we milli miras»

Şeýle at bilen ýakynda «Ylym» neşirýaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurowyň täze kitabyny çapdan çykardy. Awtoryň ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda dürli ýyllarda çap edilen makalalar ýygyndysyny öz içine alýan «Türkmenistan milli mirasyň ösüş ýolunda» atly birinji bölüminde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda milli mirasymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler, Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly kerwensaraýlar, gadymy şäherler, ýadygärlikler, şol ýerlerden tapylan tapyndylar barada täsirli maglumatlar berilýär. Kitapda Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap muzeýleri gurduryp, milli mirasymyzy baýlaşdyryp, olary dünýä çykaranlygynyň aýdyň hakykaty öz beýanyny tapýar. Muny kitabyň «Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň muzeýleri» atly ikinji bölümi aýdyň açyp görkezýär.

Belent binalara buýsanç

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherimiziň ak mermerli binalary bilen merjen şähere öwrülýändigini, köp binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini aýratyn bellemek gerek. Elbetde, her bir özgerişiň aňyrsynda paýhas, yhlas, zähmet bardyr. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda şeýle özgertmeleriň durmuşda anyk beýanyny görýäris. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklap, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.

Şanly toýa mynasyp sowgat

Türkmen aga toý toýlasa, toýunyň döwresini uludan tutup, onuň deňli-derejeli toýlanmagyny gazanýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän bu asylly ýörelgesi häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Biz muňa ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi, şeýle hem täze binagärlik açyşlary bilen dabaralandyrylmagy munuň subutnamasydyr. Bu durmuş hakykatymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna görülýän giň gerimli taýýarlyk işleri hem aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtap belleýşi ýaly, “Garaşsyzlyk Berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr!”.

Parahatçylyk — mukaddes ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň orny barha pugtalanýar, abraý-mertebesi beýgelýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer, parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly hormata eýedir, çünki oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasaty parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi.

Ýyllar gelýär arzuwlara beslenip

Watanymyzda bagtly günler toýdur-baýramlara beslenip, adamlaryň gursagyna şatlyk bolup dolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň her bir raýatyny begendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara gatnaşyklary bilen bagly alnyp barylýan işlerde dostlukly gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Biziň durmuşymyzda esasy şygarlaryň birine öwrülen «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty diňe halkymyzyň däl, eýsem umumadamzat bähbitlerini öz içine alýar. Hut şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipleri dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we bu guramanyň agzalary tarapyndan goldaw tapýar.

Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalara beslenýär. OYR-nyň Akina – Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň ulanylmaga berilmegini mysal getirmek bolar. Bu Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň döredijilik syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder. Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze giň gerimli taslama hem şuňa gönükdirilendir. Bu taslama ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Şeýlelikde, biz Arkadag Prezidentimiziň ägirt uly meýilnamalarynyň, hakykatdan-da, durmuşa geçirilýändiginiň

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.