Şeýle at bilen ýakynda «Ylym» neşirýaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurowyň täze kitabyny çapdan çykardy. Awtoryň ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda dürli ýyllarda çap edilen makalalar ýygyndysyny öz içine alýan «Türkmenistan milli mirasyň ösüş ýolunda» atly birinji bölüminde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda milli mirasymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler, Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly kerwensaraýlar, gadymy şäherler, ýadygärlikler, şol ýerlerden tapylan tapyndylar barada täsirli maglumatlar berilýär.
Kitapda Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap muzeýleri gurduryp, milli mirasymyzy baýlaşdyryp, olary dünýä çykaranlygynyň aýdyň hakykaty öz beýanyny tapýar. Muny kitabyň «Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň muzeýleri» atly ikinji bölümi aýdyň açyp görkezýär.