Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň şygarynyň şanyna bagyşlanyp geçirilen maslahat «Türkmenistan — hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» diýlip atlandyryldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, syýasy synçylar, döredijilik işgärleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň dowamynda döreden baý hem-de köpöwüşginli milli mirasyny toplamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.