Ýyllar gelýär arzuwlara beslenip

28 Ýanwar 2021
1811

Watanymyzda bagtly günler toýdur-baýramlara beslenip, adamlaryň gursagyna şatlyk bolup dolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň her bir raýatyny begendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara gatnaşyklary bilen bagly alnyp barylýan işlerde dostlukly gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Biziň durmuşymyzda esasy şygarlaryň birine öwrülen «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty diňe halkymyzyň däl, eýsem umumadamzat bähbitlerini öz içine alýar. Hut şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipleri dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we bu guramanyň agzalary tarapyndan goldaw tapýar.

Kerim HALYKOW,
Aşgabat şäheriniň 116-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň mugallymy
Beýleki habarlar