Ata Watanymyzyň rowaç menzilleri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şonda dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlige garamazdan, döwletimiziň geçen ýylda we häzirki wagtda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň durnukly bolmagynda galýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip: «Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy. Biz 12 müňe golaý täze iş ornuny döretdik. Puluň hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi» diýip belledi. Şeýle hem geçen aýda 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 17,8 göterim artandygyny nygtamalydyrys. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy.