Abadançylygyň röwşen ýoly

19 Fewral 2021
1168

Gahryman Arkadagymyzyň tutuş dünýäde uly ykrarnama eýe bolan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi häzirki wagtda bütin adamzadyň ünsüni bitewi maksada birleşdirmäge uly ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynda ýokary tizlikli ösýän, dostlugy, parahatçylygy pugtalandyrýan ygtybarly ýurt hökmünde giňden tanalýar. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynda Ýer ýüzünde abadançylygy, ösüşi we ynsanperwerligi, ruhy kämilligi we dostlugy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak işi öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny giňden dabaralandyrmak bilen birlikde, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Häzirki wagtda döwletimiz özüniň daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär. Dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalaryny hödürleýär we amala aşyrýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyz özüniň bu hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri onuň ýörelgelerini ygrarlylyk bilen durmuşa geçirýär. Ýurdumyz daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşlere, raýdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ösüşiň täze belentliklerini gazanýan hemişelik Bitarap ýurdumyzyň içerki gurluşynyň mäkäm ahlak sütünine daýanýandygy, halkymyzyň iň gymmatly ýörelgeleriniň dabaralanýandygy durmuşa geçirilen netijeli işlerde aýdyň görünýär.

Jennet BEGMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.