Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

21 Fewral 2021
1256

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi giňden, dabaraly bellenip geçiler. Şonuň bilen baglanyşykly, Kaka etrabynda naýbaşy toýumyzyň hormatyna gyzyklydan täsirli çäreler geçirilýär. Şu günler etrapdaky orta mekdeplerde «Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, gadyr-gymmatyny ýaşlara düşündirmek we olaryň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmak maksady bilen, etrapdaky 19-njy orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan duşuşykda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren tükeniksiz bagty, ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde durmuşyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, Watanymyzyň arşa göterilen şan-şöhraty dogrusynda gürrüň berdiler.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.