Halal işläp, halal baýamak döwletlilikden nyşandyr. Ata-babalarymyz «Çekseň zähmet — ýagar rähnet» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Şonuň üçin hem gadymy Lebap topragynyň babadaýhanlarynyň-da häzirki wagtda ähli üns-aladalary, başarnyklary, tutanýerli zähmeti saçaklarymyzyň rysgal-berekedini artdyrmaga gönükdirilendir. Gyş günleri baglara ideg etmek olardan bol miwe almagyň aladasydyr.
Baglar — biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi. Olara öz wagtynda we göwnejaý ideg edilmegi hem esasy talaplaryň biri bolup durýar. Bu işe ussatlyk bilen hötde gelýän bagbanlaryň biri hem Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň bagbany Annageldi Galkanowdyr. Bu kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Allaberen Abdyweliýew, baş agronomy Merdan Çaryýew dagy bagban Annageldi aganyň baga berýän ideginden juda hoşal. Annageldi Galkanow häzirki wagtda 1,6 gektar ýerde ýerleşýän bagyna ideg edýär.