HABARLAR

Akyldara çuňňur sarpa

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­my­zyň köp asyr­lyk ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da dö­re­den baý ru­hy mi­ra­sy dün­ýä­niň umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ýo­ka­ry or­ny eýe­le­ýär. Mer­da­na pe­der­le­ri­miz ah­lak kä­mil­li­gi­niň ýo­lun­da uly de­re­je­le­re ýe­tip­dir­ler. Öz­le­ri­niň öl­mez-ýit­mez ta­ry­hy yz­la­ry bi­len adam­zat kalp­la­ryn­da ýag­şy ýat­la­ma­la­ry, nus­ga­lyk ýo­ly gal­dy­ryp­dyr­lar. Biz bu gün Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da, yn­san­la­ryň iç­ki dün­ýä­si­ne gö­zel­lik nu­ry­ny çaý­ýan, yn­san­lyk mer­te­be­si­ni beý­geld­ýän me­de­ni mi­ra­sy­my­zy, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy di­keld­ýä­ris.

Dost-doganlyk ýörelgesi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz eser­le­ri bi­len ede­bi mi­ra­sy­my­za we dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gym­mat­ly go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň be­ýik da­na­sy hem-de mil­li buý­san­jy­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ry, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik, ah­lak aras­sa­ly­gy ha­kyn­da­ky öwüt-ün­dew­le­ri hal­ky­my­zyň dur­muş ýö­rel­ge­si we pel­se­pe­si­dir. Be­ýik şa­hy­ryň asyr­lar aşyp, bi­ziň döw­rü­mi­ze ge­lip ýe­ten kö­pö­wüş­gin­li şy­gyr­la­ry, ene top­ra­gy, ata Wa­ta­ny ýü­rek­den söý­mä­ge we yn­san­per­wer­li­ge ça­gy­ryş­la­ry, pa­ra­sat­ly sar­gyt­la­ry bü­tin adam­za­dyň ru­hy gym­mat­ly­gy­na öw­rül­di. Şo­ňa gö­rä-de, türk­men hem-de Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň ga­za­nan baý tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­ýän Mag­tym­gu­ly­nyň çe­per dö­re­di­ji­li­gi dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­ýär, da­şa­ry ýurt­ly alym­la­ryň üns mer­ke­zin­de

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­niň esa­syn­da adam ha­kyn­da­ky tag­ly­mat uly orun eýe­le­ýär. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si tu­tuş­ly­gy­na ada­ma, adam­za­da gö­nük­di­ri­len pi­kir­ler­de açyl­ýar. «De­la­lat ýag­şy» şyg­ryn­da:

Fotožurnalistikanyň möhüm žanry

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Häzirki wagtda fo­to­re­por­taž bi­len di­ňe bir pro­fes­sio­nal fo­to­re­port­ýor­lar meş­gul­lan­ma­ýar­lar. Eý­sem, elin­de san­ly (sif­ro­woý) ka­me­ra­sy bo­lan is­len­dik ada­myň «pur­sat tu­tup bil­mek» we esa­sy wa­ka­nyň mer­ke­zin­den su­rat al­mak müm­kin­çi­li­gi bar­dyr. Fo­to­re­por­taž hä­zir­ki wagt­da bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da giň­den ula­nyl­ýar. Iň ýö­ne­keý­je my­sa­ly hök­mün­de sy­ýa­hat edi­len­de, ge­ze­len­je gi­di­len­de, şü­we­leň­ler­de dü­şü­ril­ýän er­kin su­rat­la­ry al­mak bo­lar.

Täzelikler

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar—maý aýlarynyň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi. Kärhana boýunça 49 million 893 müň 22 manatlyk iş edildi. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan 2 million 927 müň 940 manatlyk köpdür. Has takygy, geçen bäş aýda kärhana boýunça bugdaýy gaýtadan işlemegiň netijesinde unuň 19 müň 831 tonnasy öndürilip, 101 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şonuň 6 müň 574 tonnasy ýokary hilli, 13 müň 257 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Şeýle-de bu döwürde kepegiň 6 müň 18 tonnasy, manny ýarmasynyň hem 55 tonnasy öndürildi. Kärhanada häzirki wagtda täze galla hasylyny kabul etmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Ykbalyň uly peşgeşi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni mäkäm tutan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda hususy ulgamyň işleriniň ilerlemegi ugrunda tutumly özgertmeler amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna hususyýetçileriň hem goşandynyň uly boljakdygyna ynam bildiren Gahryman Arkadagymyz bu pudagyň ösüşini aýratyn üns merkezinde saklady. Ýaş telekeçileri ählitaraplaýyn goldamak işleri döwlet syýasatynyň özenini düzdi. Öz hususy önümçiliklerini açmagy meýilleşdirýän telekeçilere uly möçberde ýeňillikli karz pul serişdeleri goýberildi. Bu bolsa hususyýetçileriň öz maksatlaryny amala aşyrmaklaryna uly goltgy boldy. Döwletimiz tarapyndan goldanylýan, Gahryman Arkadagymyzyň ynam bildiren telekeçileri bu günki gün tutuş ykdysadyýetimiziň ösüşlerine uly goşant goşýarlar.

Ýere gaçan nan owuntygy

Ýaşap ýörseň, näme, işleriň gyssaglydan gyssaglysam çykaýýar. Ine, bir günem halys «Ýer gaty-da, gök yrak» bolansoň, ir ertirden giç agşama çenli ylgaşlap sütüni süýnen çopany ýola ataranlar. — Lütüň çykandygynam bilýäs. Ýöne, gaýrat et-de, Inergaýdyranyň ileri gapdalyndaky Hojatapmaza gyssagly ýetip gaýt. Ýol uzakdyr. Öňüňem gije. «Garbanmaga-da goýmadylar» diýme. Ine, süýtli külçe. Aslyýetind-ä, ulagyň beýlekiň üstünde çörek iýmek halanýanam-a däldir welin, wakybalrak borsuň-da. Bar, sag-aman ýetip gaýt.

Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy ugrunda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň hem rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň öňde goýan ägirt uly wezipelerimiziň baş maksady Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr» diýip nygtaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ugurlarda ýetilýän belent sepgitler, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň günbe-günden ýokarlanmagy şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary we içeri syýasatynyň netijesinde bu günki gün eziz Diýarymyz ykdysady taýdan kuwwatly ýurt hökmünde dünýäde meşhurlyk gazandy. Täze taryhy eýýamda ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalara, giň gerimli taslamalara badalga berilmegi ösüşleriň hem rowaçlyklaryň dowamat-dowam boljakdygynyň kepilidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar. Halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen şu we beýleki maksatnamalarda gö

Türkmen dünýäsiniň baýlyk-bary Sen, Söýüp, söýenmäge Arkadagy Sen!

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Türkmenistanyň Gahrymany, halypa şahyr Gözel Şagulyýewa bu ajaýyp setirleri ýazanda müň keren mamla. Sebäbi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşiň täze ýoluna düşmegi, ägirt uly ösüşlere eýe bolmagy we halkara abraýynyň belende göterilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň miwesidir. Milli Liderimiziň öz ata Watanyna, mähriban halkyna bolan egsilmez söýgüsi, öňdengörüjilige esaslanýan çuňňur pähim-paýhasy düýpgöter täze zamananyň binýadyny goýdy. Bu döwri-döwran, sowulmaz ýaz türkmeniň aýdyň ertä, has-da röwşen geljege ýol salan baky bagtynyň binýadydyr.

Türkmeniň taryhynyň we şu gününiň beýany