HABARLAR

Arkadag şäheriniň sport mümkinçilikleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen bina edilen Arkadag şäheriniň sport desgalarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän uly üns-aladanyň beýanydyr. Bu ýerde bina edilen, sportuň 10 görnüşi üçin niýetlenen Köpugurly sport toplumynda geljekki çempionlary ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Onda türgenleriň sportuň erkin we grek-rim göreşi, sambo, dzýudo, basketbol, futzal, woleýbol, gylyçlaşmak, agyr atletika, boks ýaly görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilendir. Mundan başga-da, sport desgasynda fitnes zallary hem-de okuw we internet otagy bar. Ylmy-barlag otagy, bejergi-sagaldyş otagy, 50 orunlyk mejlisler zaly, şeýle hem iş dolandyryş otaglary binanyň köpugurlylygynyň üstüni ýetirýär. Köpugurly sport toplumyna ýanaşyk ýerleşýän Sport merkezinde (suw sport toplumy) bolsa suwda ýüzmegiň ussatlary bilen birlikde, ýaş türgenlere ýokary netijeleri gazanmaga ähli şertler bar. Onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän uly howuzda (uzynlygy 50 metr) suwda ýüzmek sporty bilen meşgullanýanlara hemme mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde suw pökgüsi bilen meşgullanýan türgenler hem öz başarnyklaryny görke

Ça­ga – dur­mu­şyň gü­li

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ça­ga – dur­mu­şy­my­zyň be­ze­gi, ol şu gün­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň ara­syn­da­ky köp­ri. Şeý­le-de bol­sa, ada­ma ça­ga­lyk iki ge­zek ge­ler, bir-ä ki­çi­lik­de, bi­rem gar­ry­lyk­da diý­len aýt­gy hem bar. Ça­ga­ly öý ba­zar ýa­ly­dyr. Olar her bir gü­nü­ňi ýa­kym­ly wa­ka­lar bi­len gy­zyk­lan­dyr­ýar­lar. Ça­ga­lar­dan öw­re­ne­re-de zat kän. Olar my­da­ma nä­me­dir bir iş bi­len meş­gul bol­ýar­lar, nä­me­dir bir za­dyň ala­da­sy­ny edip gez­me­ýär­ler, ola­ryň her bi­ri özü­çe bir dün­ýä bo­lup, hiç ki­me meň­ze­me­ýär­ler. Ola­ryň kal­by päk we nä­zik. Şa­hyr aýt­myş­la­ýyn, ça­ga­lar gö­ze gö­rün­ýän pe­riş­de­ler­dir.

«Aý dogsa, älem görer»

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Aý dog­sa, älem gö­rer­miş». Bu dog­ru­da­nam şeý­le. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan Ar­hi­tek­to­ry Gahryman Arkadagymyzyň yh­la­sy­nyň, ägirt uly ta­gal­la­sy­nyň, gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik ba­bat­da ýi­ti ze­hi­ni­niň, pä­him-paý­ha­sy­nyň, şä­her gur­lu­şyk işin­de top­lan baý tej­ri­be­si­niň esa­syn­da eme­le ge­len Ar­ka­dag şä­he­ri hem açy­la­ny­na bir ýyl wagt ge­çe­nem bol­sa, bu şä­her di­ňe bir se­bi­tiň däl, dün­ýä­niň ün­sü­ni hem özü­ne çek­di. Aja­ýyp bi­na­gär­lik sun­ga­ty, taý­syz gö­zel­li­gi, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­la­nan «akyl­ly­ly­gy» bi­len özü­ne ben­di ed­ýän Ar­ka­dag şä­he­ri­ni syn­lap, «Döw­let gur­jak bol­saň türk­me­ni ça­gyr» diý­len pä­hi­mi «Şä­her gur­jak bol­saň türk­me­ni ça­gyr» di­ýip aý­da­ny­ňy duý­man gal­ýaň.

Hor­mat­la­gyl gö­zel iliň uşa­gyn

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2023-nji ýy­lyň 29-njy de­kab­ryn­da «Ru­hy­ýet» köş­gün­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we­kil­le­ri­niň, de­pu­tat­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da äh­li hal­ky­my­zyň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýy­lyň şy­ga­ry hem-de ny­şa­ny ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­la­dy. Şol gün 2024-nji ýyl «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň sar­pa­sy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len be­lent­den-be­lent tu­tul­ýar. Mu­ňa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň yl­ha­myn­dan sy­zy­lyp çy­kan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly şyg­ry do­ly gü­wä geç­ýär. Şu jäht­den asu­da, pa­ra­hat Di­ýa­ry­myz­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk to­ýy da­ba­ra­ly bel­len­ýär.

Mag­tym­gu­lynyň mi­ra­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de me­de­ni­ýet, ylym we bi­lim ul­gam­la­ryn­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­lu­gyň da­ba­ra­lan­ma­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na türk­men hal­ky­nyň baý mil­li mi­ra­sy düýp­li öw­re­nil­ýär hem-de giň­den wa­gyz edil­ýär. Be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ bel­lenilmegi gö­rül­ýän taý­ýar­lyk türk­men hal­ky­nyň akyl­dar og­lu­nyň ady­ny ebe­di­leş­dir­mek ug­run­da­ky iş­le­ri­niň yzy­gi­der­li we giň ge­rim­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi we özara işewürlik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini, işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ösüş we döwlet syýasaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhy ösüş ýolunda aýratyn möhüm tapgyrdyr. Häzirki döwürde beýleki ulgamlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem uly özgerişleri äşgär görmek bolýar. Bu ugra döwletimiziň kuwwatly guramaçylyk, serişdeler, aňyýet güýji gönükdirilýär. Gazanylýan netijeler halkyň durmuşyna täzeçe öwüşgin berýär. Döwrebap ösüşiň ilkinji alamatlarynyň biri-de sowatlylygyň artmagydyr. Otuza golaý ýokary okuw mekdebinde, ýüzlerçe orta hünär we başlangyç hünär mekdeplerinde, daşary ýurtlaryň bilim merkezlerinde okap, hünär eýesi bolýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy medeni-aňyýet kämilliginiň artmagyna aýgytly täsir edýär. Häzirki zaman önümçilik, aragatnaşyk, ulag we hyzmat ediş pudaklarynda işleriň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda barha giň gerimde ýaýbaňlanmagy, maglumat tehnologiýasynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň adaty we aýrylmaz bölegine öwrülmegi bilen, sowatlylygyň ýokary, öňdebaryjy derejesine bolan talap artýar. Bu bolsa jemgyýetçilik aňynyň işjeňleşmegine, pikirlenişiň çaltlaşmagyna ýol açýar. Işjeňligiň we aň ösüşiniň ilkinji şerti bolsa bilimiň, sowatlylygyň çalt hem giň gerimde ösdürilmegidir. Şunuň bilen b

Döwrebap mümkinçilikleriň şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, innowasion täzeçillikler ileri tutulyp, gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär. Döwrümiziň binagärlik sungatynyň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Bu şäheriň ösen infrastrukturasy milletiň ruhy dünýäsiniň, medeni gymmatlyklarynyň, döredijilik ukyplarynyň we ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär. Arkadag şäherine «Döwlet ähmiýetli şäher» diýen hukuk ýagdaýynyň berilmegi onuň dolandyryş, gurluş düzümleriniň ähmiýetli aýratynlygyny ýüze çykarýar. Döwlet ähmiýetli şäher — bu döwletiň baş şäherleriniň we syýasy-dolandyryş merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär. 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Arkadag şäheriniň düzüminde iki etrap döredilip, olara «Kärizek» we «Gorjaw» atlary dakyldy. Şeýlelikde, Watanymyzyň dolandyryş çäk birlikleriniň çyzgysynda täze gurluş düzümi emele geldi. Munuň özi bu şäherde durmuşa geçirilýän taslamalary halkara ölçeglere laýyklykda ýerine ýetirmek, şähergurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäher ilatynyň sanyny artdyrmak meselelerini

Galla — halkyň rysgaly

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň beý­le­ki se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hem oba ho­ja­ly­gy pu­da­gyn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şol öz­gert­me­ler we­la­ýa­tyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şun­da oba zäh­met­keş­le­ri­niň ne­ti­je­li işi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy­na ze­rur üns be­ril­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 15-nji iýun­da ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­bi­ti­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň my­sa­lyn­da-da aý­dyň gör­mek bol­ýar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da­ky «Ar­kaç» daý­han bir­le­şi­gi­niň bug­daý meý­da­ny­nyň ýa­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň de­giş­li ýol­baş­çy­la­ry, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.