Medeni-ynsanperwer ösüş we döwlet syýasaty

2 gün öň
40

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhy ösüş ýolunda aýratyn möhüm tapgyrdyr. Häzirki döwürde beýleki ulgamlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem uly özgerişleri äşgär görmek bolýar. Bu ugra döwletimiziň kuwwatly guramaçylyk, serişdeler, aňyýet güýji gönükdirilýär. Gazanylýan netijeler halkyň durmuşyna täzeçe öwüşgin berýär. Döwrebap ösüşiň ilkinji alamatlarynyň biri-de sowatlylygyň artmagydyr. Otuza golaý ýokary okuw mekdebinde, ýüzlerçe orta hünär we başlangyç hünär mekdeplerinde, daşary ýurtlaryň bilim merkezlerinde okap, hünär eýesi bolýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy medeni-aňyýet kämilliginiň artmagyna aýgytly täsir edýär.

Häzirki zaman önümçilik, aragatnaşyk, ulag we hyzmat ediş pudaklarynda işleriň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda barha giň gerimde ýaýbaňlanmagy, maglumat tehnologiýasynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň adaty we aýrylmaz bölegine öwrülmegi bilen, sowatlylygyň ýokary, öňdebaryjy derejesine bolan talap artýar. Bu bolsa jemgyýetçilik aňynyň işjeňleşmegine, pikirlenişiň çaltlaşmagyna ýol açýar. Işjeňligiň we aň ösüşiniň ilkinji şerti bolsa bilimiň, sowatlylygyň çalt hem giň gerimde ösdürilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz — tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň durmuşyň ähli ugurlaryna barha giňden aralaşýan döwri. Döwür ösýär, şol bir wagtda adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär» diýip, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda belleýär.

Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.