Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky döredildi

30 Iýun 2024
797

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024

Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi 2014-nji ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da Gah­ry­man Arkadagymyzyň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­lip­di. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan giň ge­rim­li da­ba­ra­la­ra bes­len­ýän şu ýyl­da onuň dö­re­dilenine 10 ýyl dol­ýar. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 7-nji iýun­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­ne hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky­nyň hu­kuk ýag­da­ýy­ny ber­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi bi­len, bu mer­ke­ziň ady we hu­kuk ýag­da­ýy üýt­ge­dil­di. Onuň Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy we hal­ka­ra de­re­jä­niň be­ril­me­gi bu ýer­de zäh­met çek­ýän­le­riň, äh­li türk­men alym­la­ry­nyň buý­sanç­ly ba­şy­ny gö­ge ýe­tir­di.

Dur­dy­my­rat GA­DA­MOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Halkara yl­my-teh­no­lo­gi­ýa parkynyň di­rek­to­ry, hi­mi­ýa ylymlarynyň dok­to­ry.