Döwrebap mümkinçilikleriň şäheri

2 gün öň
34

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, innowasion täzeçillikler ileri tutulyp, gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär. Döwrümiziň binagärlik sungatynyň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Bu şäheriň ösen infrastrukturasy milletiň ruhy dünýäsiniň, medeni gymmatlyklarynyň, döredijilik ukyplarynyň we ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň sazlaşygyny özünde jemleýär.

Arkadag şäherine «Döwlet ähmiýetli şäher» diýen hukuk ýagdaýynyň berilmegi onuň dolandyryş, gurluş düzümleriniň ähmiýetli aýratynlygyny ýüze çykarýar. Döwlet ähmiýetli şäher — bu döwletiň baş şäherleriniň we syýasy-dolandyryş merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär. 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Arkadag şäheriniň düzüminde iki etrap döredilip, olara «Kärizek» we «Gorjaw» atlary dakyldy. Şeýlelikde, Watanymyzyň dolandyryş çäk birlikleriniň çyzgysynda täze gurluş düzümi emele geldi. Munuň özi bu şäherde durmuşa geçirilýän taslamalary halkara ölçeglere laýyklykda ýerine ýetirmek, şähergurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäher ilatynyň sanyny artdyrmak meseleleriniň netijeli çözülmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle çözgüdiň esasynda döwlet ähmiýetli şäheriň çäkleriniň giňeldilmegi onuň ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, gurluşyk, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge-de giň mümkinçilikler döredýär.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.