«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Bütin dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň dabaralanmagynyň hatyrasyna türkmen halkynyň baý milli mirasy düýpli öwrenilýär hem-de giňden wagyz edilýär. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilmegi görülýän taýýarlyk türkmen halkynyň akyldar oglunyň adyny ebedileşdirmek ugrundaky işleriniň yzygiderli we giň gerimli häsiýete eýedigini tassyklaýar.