HABARLAR

Arkadag şäheri – geljegiň şäheriniň şanyna dabaralar

29-njy iýunda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi.Şol gün Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylar jaý toýuny tutdular. «Akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.

Ýaş talyplar bilen tejribe maslahaty geçirildi

27-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň okuw bölüminiň guramagynda tanyşlyk-tejribe maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmen döwlet maliýe institutynyň 400-den gowrak talyby, mugallymlary we ministrligiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Gurýan döwlet gurpludyr

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz yhlas-tagallalaryndan kemala gelen Arkadag şäheri eziz Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşanyna öwrülen nusgalyk şäherdir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap şäherde sanly we «akylly» tehnologiýalar esasynda adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin iň gowy ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, ylmy-tehniki ösüşini äşgär edýär, Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygyny görkezýär. Arkadag şäheriniň milli şäher gurluşygyň merjenine, şäher düzümini toplumlaýyn ösdürmäge jogapkärli çemeleşmäniň ajaýyp nusgasyna öwrülendigi aýdyň hakykatdyr. Şeýle üstünliklere gurluşyk pudagynda netijeli iş alyp barýan ýerli hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň hem mynasyp goşandyny goşýandygy örän begendirýär. Munuň özi türkmen işewürleriniň iri şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmakda baý tejribe toplandygyna şaýatlyk edýär.

Owadan ýazuwda ýaşlaryň üstünligi

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek we bu ugurda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ilkinji gezek yglan edilen «Owadan ýazuw» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem medeniýet, sungat, ylym, bilim belent sepgitlere ýetipdir. Bu döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, halk köpçüligi tarapyndan hormatlanylýan kärleriň biri-de hatdatlyk sungaty bolupdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdiripdirler. Hatdatlyk kärinde halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanypdyr we ösdürilipdir. Hatdatlyk sungaty Gündogar ýurtlarynda kitap sungatynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyl

Aşgabatda «Dokmaçylar» medeni merkezi açyldy

25-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze medeni merkeziň açylyş dabarasyna medeniýet işgärleri, ýurduň köp sanly raýatlary, paýtagtyň myhmanlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Howandar

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­deri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­rdy. Şeý­le-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.

Ar­ka­dag şä­he­rin­de Gur­ban baý­ra­my

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gah­ry­man Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len Kö­pet­da­gyň ete­gin­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gu­rul­ma­gy hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy üçin äh­li ze­rur şert­le­riň üp­jün edil­me­gi ug­run­da be­ýik iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ge­çen ýy­lyň iýu­nyn­da «akyl­ly» şä­he­riň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, il­deş­le­ri­mi­ziň müň­ler­çe­si tä­ze jaý­ly, tä­ze iş­li bol­mak, ýa­şa­ýan tä­ze şä­he­ri­ne gu­wan­mak, buý­san­mak bag­ty­na eýe bol­du­lar. Bu gün­ki gün ýa­şa­mak, iş­le­mek, göw­ne­jaý dynç al­mak üçin hem­me amat­lyk­lar dö­re­di­len bu döw­re­bap şä­he­re gö­çüp ge­len il­deş­le­ri­miz bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şap, go­şa-go­şa­dan gel­ýän toý-baý­ram­la­ry­my­zy uly şat­lyk-şow­hun bi­len bel­le­ýär­ler.

Arkadag şäheri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Akyl­ly» şä­her teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­ny­lyp gur­lan döw­re­bap 5, 7 we 9 gat­ly, köp öý­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry «Smart-сity» kon­sep­si­ýa­sy­na esas­lan­ýan Ar­ka­dag şä­he­ri­niň aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Mu­nuň özi öýi do­lan­dyr­ma­gyň in­tel­lek­tu­al ul­ga­my­dyr.

Ne­sil­le­re nus­ga­lyk yn­san

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Har­by gul­luk­çy­lar we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň we hal­ky­my­zyň öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny my­na­syp ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gah­ry­man­çy­lyk­ly däp­le­ri­ni do­wam et­dir­ýär­ler. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly ogul­la­ry­nyň çäk­siz eder­men­lik­le­ri­niň hem-de gaý­duw­syz­lyk­la­ry­nyň my­sal­la­ry­na baý­dyr. Ola­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy Berdimuhamet An­na­ýew hem bar. Mu­gal­lym we es­ger, öz top­ra­gy­nyň wa­tan­çy­sy bol­mak bi­len, ol Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da gaý­duw­syz sö­weş­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­sy, mu­gal­lym, es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ýo­ka­ry nus­ga­lyk gö­rel­de­si bü­tin hal­ky­myz üçin edep-ter­bi­ýä­niň, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň mek­de­bi­dir. Berdimuhamet aga­nyň Wa­ta­ny go­ra­mak­da, ýaş­la­ra bi­lim ber­mek­de bi­ti­ren iş­le­ri, maş­ga­la, per­zent ter­bi­ýe­si ba­ba­tyn­da kä­mil ýö­rel­ge­si, ýo­ka­ry adam­k

Ar­ka­da­gyň eser­le­ri ruh­lan­dyr­ýar ne­sil­le­ri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri: «Ki­tap adam­za­dyň kö­ňül nag­şy­dyr, ol me­de­ni gym­mat­lyk hök­mün­de ru­hy baý­ly­ga öw­rü­lip, adam­la­ryň ýü­rek­le­ri­ne ýol sa­lyp bil­ýär» di­ýip bel­le­mek bi­len, ki­ta­ba mu­kad­des­lik hök­mün­de ga­ra­ýar. Ki­tap hiç wagt hem gym­ma­ty­ny ga­çyr­ma­ýan ru­hy baý­lyk­dyr. On­da çäk­siz gud­rat, güýç bar. Ol geç­miş bi­len gel­je­giň, halk­lar bi­len ýü­rek­le­riň ara­syn­da­ky köp­ri. Kalp­la­ra bar­ýan ýol göz­ba­şy­ny ki­tap­dan alyp gaýd­ýar. Çün­ki «Ýü­rek­den çy­kan söz ýü­re­ge ba­rar» diý­li­şi ýa­ly, ki­tap­da kal­byň owa­zy ýaň­lan­ýar. Oky­jy ki­ta­by özü­ne ýol­daş edi­nip, dö­wür­le­re, älem-ja­ha­na sy­ýa­hat ed­ýär.