HABARLAR

Ykdysady özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly möçberli, giň mazmunly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan ykdysady özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýeti, yzygiderliligi durnukly ösüşiň subutnamasydyr. «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Ykdysady özgertmeler bilen ata Watanymyz gün-günden ösüşlere beslenýär. Bu ösüş-özgertmeleri amala aşyrmakda halkymyz gaýratly zähmetiň nusgasyny görkezýär. Maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetimizi gurşap alýan döwründe ykdysadyýeti ösdürmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň häzirki zaman gazananlaryny özleşdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi esasynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary önümçilige giňden ornaşdyryldy, döwlete dahylly we dahylsyz pudaklar tapgyrlaýyn esasda elektron ulgama geçirildi.

Dünýä ýalkym saçýan şäher

At-owazasy dünýä dolýan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz bagtyýarlygyň hem berkararlygyň ýoly bilen öňe barýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlup, çawy dünýä ýaýran Arkadag şäheri şol ýoldaky tutumly işleriň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynyň miwesidir. Bu gün Jeýhun bilen bahry-Hazar aralygyna uzalyp gidýän ata Watanymyzda täze, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň döredilmegi ajaýyp döwrümiziň aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alnyp barylýan işler adam we onuň bagtyýar durmuşy baradaky aladadan ugur alýar. Ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň netijesidir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri täze taryhy döwrüň gurmagyň we döretmegiň zamanasydygyny alamatlandyrmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. Milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny

Şowhunly baýrama bagyşlandy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guralan söhbetdeşlige Agrar partiýasynyň işjeň agzalary we kitaphananyň okyjylary gatnaşdy. Söhbetdeşlikde ýetip gelýän Täze—2025-nji ýyl mynasybetli baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, ýagşydan ýagşy arzuwlar beýan edildi. Tamamlanyp barýan ýylda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden gymmatly kitaplary bilen bagly gürrüň söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

Şanly ýylyň üstünlikleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Üstünliklere beslenip gelýän ýyllar şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Belent maksatlar bilen gadam basan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz ajaýyp üstünliklere, taryhy wakalara beslendi, beýik başlangyçlaryň dabaralanmasy boldy.

Geljegiň şäheri

Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde gurlan Arkadag şäheri binagärlik görki bilen dünýäni haýrana goýýar. Ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilen bu «akylly» şäheriň ýakynda Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle-de şäheriň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagy buýsançly waka hökmünde kalbymyzy joşa getirdi. Sanlyja aý mundan ozal, ýagny sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergide Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri» hem-de «World Smart City Expo 2024» akylly şäherleriň Bütindünýä sergisine goşan uly goşandy üçin» diýen baýraklara mynasyp bolandygyny hem agzamak örän ýakymlydyr. Bu zatlar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ýer ýüzündäki şöhratynyň barha artýandygyny dabaralandyryp, «akylly» şähere buýsanjymyzy artdyrýar.

Üstünliklere beslenen ajaýyp sepgitler

Ýetip gelýän täze, 2025-nji ýylyň parahat durmuş, bereketlilik, agzybirlik baradaky ak arzuwlary, hoşniýetli däp-dessurlary, döredijilikli başlangyçlary alamatlandyryp, Milletler Bileleşigine agza döwletler tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygara beslenmegi her birimizi täze ruhubelentlige atarýar. Çünki her ýyl taryhyň bir sepgidini alamatlandyrýar. Täze ýylyň sepgidinde öň meýilleşdiren işlerimiziň näderejede üstünlikli amal edilendigini seljerip, geljek döwre umytly seretmek, täze maksatlary düzüp, olaryň myrat bolmagy üçin ýagşydan ýagşy arzuw edýäris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda täze ösüşleri gazanmak ugrunda badalga berýän tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp sepgidi boldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Medeni-seýilgäh toplumynyň merkezinde türkmen hem dünýä edebiýatynyň meşhur nusgawy şahyrlarynyň ýadygärliginiň oturdylmagy, şeýle-de «Magtymguly» atly goşgul

Täze ýyl diýlende...

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyl diýlende, meniňä ilki bilen çagalyk döwrüm ýadyma düşýär. Bu her bir adam üçinem şeýle bolsa gerek?! Sebäbi çagalarda ajaýyp hyýaly dünýäni keşbe getirip bilýän ýeke-täk baýramçylyk — bu Täze ýyldyr. Täze ýyl baýramy bagtyýar çagalygyň iň bir ýatdan çykmajak pursatlaryny ýadyňa salýar.

Näme üçin Täze ýyl arçasynyň çür depesine ýyldyz dakylýar?

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tä­ze ýy«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024l baý­ram­çy­ly­gy­na san­ly­ja gün­ler gal­dy. Bu baý­ram­çy­lyk­da her kim öz öý­le­ri­ni we Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­ny be­ze­ýär­ler. Ýö­ne siz Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň de­pe­sin­de nä­me üçin bäş burç­ly ýyl­dy­zyň go­ýul­ýan­dy­gy­ny ba­ra­da oý­la­nyp­dy­ňyz­my?

2025

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyla bütin dünýä halklary uly hyjuw bilen garaşýar. Elbetde, täze ýyl hakynda ilkinji dörejek pikirler, garaşylýan ýylda ýetiljek sepgitler, gazanyljak üstünlikler barada arzuwlary edýäris. Bu bolsa geljege bolan ynamymyzy artdyrýar. Şol ynamy has-da pugtalandyrýan, öňde goýan maksadyňa ýetmek üçin itergi berýän güýç — bu sportdur. Täze ýylda hem türkmen sportynda ýokary netijeler gazanmaly diýip çykýan sözler, her bir öňde goýlan maksatlar türkmeniň kalbynyň buýsançly owazy bolup ýaňlanýar.

Tä­ze ýy­lyň ruhubelentligi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyl — ynsan ömrüniň täze bir sahypasy. Bu sahypany her kim ýagşy arzuw-umytlar, haýyrly işler bilen bezemek isleýär. Ynsan ömrüni aý-günleriň, ýyllaryň düzýändigi sebäpli garşy alýan her bir günümiz, aý-ýyllarymyz bize şatlyk, bagtyýarlyk, uly joşgun alyp gelýär. Ine, täze ýyl — 2025-nji ýyl bosagamyzda dur. Ähli ynsanlara bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilip gelýän Täze ýylyň şatlygy, bagtyýarlygy bu gün ýürekleri, köňülleri heýjana getirýär. Bu baýram tutuş Diýarymyzy baýramçylyk keşbine besleýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär.