Abadan durmuşyň nusgalyk şäheri

20 Dekabr 2024
56

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekanda gurlan Arkadag şäheri kämilligiň nusgasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherine Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragynyň we degişli güwänamalaryň berilmegi eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini ýene bir gezek görkezdi. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen şäheriň hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin «Hil saýlawy – 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky halkara ykrarnamasydyr.

Innowasion tehnologiýalary, ekologik abadançylygy babatda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde ýaşaýjylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin hem ähli şertleriň döredilmegi bu ýeriň, hakykatdan-da, sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň mekanydygyny tassyklaýar. Bu ýerdäki sport desgalarynyň ähli ölçegler babatda halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň nyşanydyr.

«Türkmen sporty».