Aşgabat Täze ýyl baýramyny şatlyk bilen garşylaýar

2 gün öň
41

Geçen hepdede ýurdumyzyň Baş arçasynyň dürli yşyklarda ýalkym saçmagy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbi öňküdenem nurlandy. Şu günler baş şäherimiziň agşamy hasam owadan. Hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga berlensoň, Baş arçamyzyň töweregi paýtagtlylaryň we onuň myhmanlarynyň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasyny her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirmek asylly däplerimiziň biridir. Bu ýerde giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, dürli öwüşgindäki yşyklarda ak mermerli Aşgabada nur saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Dünýägözel AMANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.