Şöhratly taryhyň beýany

20 Dekabr 2024
61

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň döreden hem-de häzirki nesillerimize miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiz hakynda söz açýan «Hakyda göwheri» atly täze kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Milli Liderimiziň täze kitabynyň many-mazmuny halkymyzyň ruhy hazynasyny baýlaşdyrýar. Ajaýyp kitapda Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada täsirli gürrüň berilýär. «Hakyda göwheri» buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä nusgalyk ösüşlerimiziň hem-de açyşlarymyzyň bardygyna ünsümizi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip belleýär. Bu pikiriň çuňňurdygyna, uly many-mazmuna eýedigine buýsanýarsyň. Taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda ata-babalarymyzdan miras galan egsilmejek ruhy baýlykdyr. Milli buýsanç ynsany bagtyýarlyga ýetirýän gymmatlykdyr.