HABARLAR

Wepalylygyň we dostlugyň nyşany

Halkymyzyň dünýä beren, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant bolan naýbaşy milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, alabaýyň keşbi dostana duýgulary janlandyrýar. Hakykatdan-da, ol bu günki gün halkara gatnaşyklarda-da mizemez dostlugyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Şu barada gürrüň edilende, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýy hem ýada düşýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde has netijeli ösdürilip, täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda dostlukly ýurtlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň tagallalarynyň ähmiýeti uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen mizemez şahsy dostluk gatnaşyklary türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň köp ugurlar boýunça düýpli ösdürilmegine itergi berdi. Döwlet Baştutanymyzyň XVI BRICS sammitine gatnaşmak maksady bilen, 23-24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Bilim işgärleri iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň hyzmatyndan, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan giňden peýdalanýarlar. Munuň özi bilim ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ýokary derejelere ýetmegine şert döredýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim işiniň halkara ölçeglere laýyk getirilmeginde möhüm çelgi bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde bilim ulgamynda öňde durýan wezipelere hem üns çekilip, täze başlangyçlaryň öňe sürülmegi bizi örän buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyz mejlisde eden çykyşynda geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleriniň döredilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleriniň ýa-da olaryň şahamçalarynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Asylly ýörelgelere eýerip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz uly durmuş-ykdysady ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Sanly ulgamyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalar işjeň ulanylýar, bäsdeşlige ukyply önümçilikler ýola goýulýar. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, türkmen halky asuda, abadan, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi.

Hormatly adyňyz gutly bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ildeşimiz — Hojambaz etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň at çopany, hususy itşynas Begenç Hanyýewe Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin berlen bu ýokary baha mynasybetli ol özüniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyz bilen şeýle paýlaşdy: — Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň dakylmagy meniň itşynaslyk höwesime ýene-de höwes goşdy. Şeýle uly hormat üçin ilki bilen hormatly Prezidentimize çuňňur ýüregimden sagbolsun aýdýaryn. Men 10 ýaşymdan bäri itşynaslyk bilen meşgullanýaryn. Alabaýlar bilen çagalyk ýyllaryndan başlanan dostlugymyz bütin ömrüme uzap gitdi. Ilkinji çopan itimiň adyna Boýnak dakypdym. Ony güjükliginden ulaltdym. Onuň bilen bagly wakalar durmuşymda öçmejek täsirleri bilen hemişelik ýadymda galdy. Alabaýlar bilen dostlugymyzyň berkemeginde atam Hany Halymow, kakam Aganyýaz dagynyň aýratyn paýlary bar. Olar meniň bilen kän syrlaryny paýlaşdylar. Men hem şol syrlary hiç kimden gysganamok, idäp-sorap gelenlere öwredýärin. Şirhan,

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi

 26-njy oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň keşbi öz beýanyny tapýar. Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işine degişli meseleler girizildi. Şeýle hem onuň düzümine täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy mälim edildi. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar geljek üçin möhüm wezipeleri maslahatlaşyp, degişli çözgütleri kabul etdiler.

Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi

 27-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, beýleki medeni çäreler geçirildi. Paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirilip, onda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, ýurdumyzyň iň gowy itşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy. Şol gün Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide halkymyzyň milli mirasy, döredijilik zehini öz beýanyny tapdy.

Ynsanyň wepaly dosty

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezinde geçirilen aýdym-sazly dabarada Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda dünýä meşhur bolan alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary, ynsanyň iň wepaly dosty bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak, hüşgärligi, çydamlylygy, duýgurlygy bilen tapawutlanýan milli gymmatlygymyzy ilat arasynda wagyz etmek baradaky söhbetler mynasyp beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan «Türkmen alabaýy» atly eseriniň  taýsyz gymmatlykdygy aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşanlar Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli  giňden guralan sergä syn etdiler. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, Balkanabat çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň türkmen alabaýlaryna bagyşlap çeken suratlary, taýýarlan şekilleri ýygnananlarda aýratyn täsirleri galdyrdy. Merkeziň hünärmenleriniň alabaýlaryň başarjaň hereketlerini görkezen pursatlary olarda uly gyzyklanma döretdi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň teatrlaşdyrylan sahna oýunlary, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary baýramçylyk çäresine gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Üstünlige ruhlandyrýan özgertmeler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Il-ýurt bähbitli işler ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly gadam urýan ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirýär. Ajaýyp zamanamyzda ykdysadyýetimiziň ösüşine täsir edýän özgertmeler barha öňe ilerleýär. Döwlet durmuşynyň ähli pudaklaryny kämilleşdirmeklige we depginli ösdürmeklige, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin oňyn şertleri döretmeklige, raýatlaryň netijeli zähmet çekmekleri we oňat dynç almaklary üçin amatly şertleri üpjün etmeklige gönükdirilen işler aýdyň netijesini berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Nebitgaz ulgamynyň halkara maslahaty we sergisi üstünlikli geçirildi

23 — 25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergiüstünlikli geçirildi. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe edaralarynyň hünärmenleri, bu ugurda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. Nobatdaky forum ýüzlerçe gatnaşyjyny, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekillerini bir ýere jemledi. Olaryň käbiri pikir alyşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Şeýle-de 70-e golaý kompaniýa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň 40-dan gowragy daşary ýurtlaryň, şol sanda Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ru